Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň häkimiýetleri ilata un paýlarynyň berilmejekdigini duýdurdy


Döwlet dükanynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.
Döwlet dükanynyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.

Türkmenistanda ilatyň agramly bölegi, ýurtda dowam edýän ykdysady we azyk krizisiniň arasynda, döwlet dükanlarynyň subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan mahaly, paýtagtyň käbir sebitleriniň häkimiýetleri ýaşaýjylara indi un paýlarynyň berilmejekdigini duýdurdy. Döwlet dükanlarynyň işgärleri munuň sebäplerini ýurduň ammarlarynda unuň gutarandygy bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada paýtagtdan maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, dilden aýdylan şeýle duýduryşlar soňky günlerde Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň we şäheriň etegindäki Herrikgala obasynyň ýaşaýjylaryna edildi.

"Sentýabr aýy üçin un almak isledik. Biz munuň üçin döwlet dükanyna baranymyzda, dükan satyjysy "ammarlarda unuň gutarandygy sebäpli, indi subsidirlenen bahadan unuň paýlanmagyna garaşmaň" diýdi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 1-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Döwlet dükanlarynyň işgärleri garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ilata paýlanýan un paýynyň berilmezliginiň wagtlaýyn çäremi ýa däldigini, ýa-da onuň doly ýatyrylýandygyny anyklaşdyrmaýarlar.

Azatlygyň bu barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary hem netije bermedi.

Döwlet dükanlarynyň işgärleri ammarlarda galan çäkli möçberdäki unuň hökümet eýeçiligindäki çörek bişirilýän kärhanalara paýlanjakdygyny hem aýdýarlar.

"Dükan satyjylary ýaşaýjylara mundan beýläk hususyýetçilerde satylýan, daşary ýurtlardan import edilen unlary bazar bahasyndan satyn almagy hem maslahat berýärler" diýip, habarçymyz aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Bellesek, bu maglumatlar subsidirlenen azyk önümleriniň 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününden soňra doly ýatyrylmak ähtimallygy barada gürrüňleriň we aladalaryň bardygy hakda Azatlyga gelip gowşan habarlardan iki hepde soňa gabat geldi.

Şonda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar öz aldalarynyň döwlet dükanlarynyň işgärleriniň bu barada edýän duýduryşlaryna esaslanýandygyny aýdypdylar.

Mundan öň häkimiýetler iýulyň başyndan awgustyň soňky ongünlügine çenli ilata subsidirilen azyk önümleri her 10 günde bir gezek paýlanan bolsa, sentýabryň başyndan diňe bir gezek paýlanjakdygyny hem mälim etdi.

6-njy sentýabrda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly bir çeşme "häkimiýetleriň azygyň mukdaryny azaltmak esasynda ilaty bazar bahalaryna öwrenişdirmek isleýändigini" aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleriniň ilata subsidirlenen azyk önümlerini bermegi bes etmek plany barada maý aýynda hem maglumatlar peýda bolupdy. Şonda habarçymyz häkimiýetleriň bu plany durmuşa geçirilse, onda munuň 2 müň manatdan ýokary aýlyk alýan adamlaryň maşgalalaryna degişli boljakdygyny aýdypdy.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ilata her aý belli bir mukdarda un subsidirilenen bahadan satylýar. Döwlet dükanynda 1 kilogramy 1 manatdan satylýan un hususyýetçilerde 25-31 manat aralygynda bahalanýar. Bu resmi kursda 7-9 dollara barabardyr.

Soňky ýyllarda ykdysady krizisiň has-da ýitileşmegi, giň ýaýran işsizlik we bazarlardaky gymmatçylyk has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine, şol sanda un paýlaryna garaşly goýýar.

Ýöne türkmen häkimiýetleri indi bäş ýyla golaý wagt bäri ilaty bu önümler bilen hem kadaly üpjün edip bilmeýär. Un üpjünçiligindäki bökdençlikler uly nobatlar, olardaky dawa-jenjeller we ýakalaşyklar bilen hem tassyklanýar.

Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, çörek, un gytçylygyny resmi derejede boýun almaýar. Şeýle-de, häkimiýetler geçen ýyllarda bolşy ýaly şu ýyl hem ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan etdiler.

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň bazarlarynda ösümlik ýagynyň we şekeriň bahasynyň duýdansyz belli bir derejede arzanlandygyny hem habar berýär.

Mundan ozal 65 manatdan satylan ösümlik ýagy häzir 50-55 manat aralygynda bahalanýar. Şeýle-de, öň bir kilogramy 23 manada deň bolan şeker häzir 20 manatdan satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG