Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda dollar arzanlaýar, bazarlarda harytlar gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhy ýene belli bir derejede arzanlap, durnuksyzlygyny saklaýan mahaly, Aşgabatda azyk we senagat harytlarynyň bahalary gymmatlaýar. Munuň bilen bir wagtda, subsidirlenen azyk önümleriniň ilata öz wagtynda paýlanmagy bilen bagly problemalar saklanyp galýar. Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlary awgustyň üçünji ongünlüginden bäri berilmeýän mahaly, käbir paýtagtlylara "çüýrän" towuk butlary paýlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

16-njy sentýabrda paýtagtyň gara bazarynda bir dollaryň alyş-çalyş bahasy 28 manat 50 teňňä çenli arzanlady. Geçen hepdäniň ahyrynda gara bazar söwdagärleri bir dollary 30 manatdan satyn alyp, 30 manat 40 teňňeden satýardylar.

Ýatlasak, 10 gün çemesi ozal dollaryň gara bazar bahasy ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde duýdansyz 22 manada çenli aşaklady. Mundan ozal ýurduň gara bazarlarynda bir dollar 34 manat töwereklerinde bahalanýardy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, dollaryň gara bazar nyrhynyň 28 manada çenli aşaklamagy dollar bilen gymmatlan azyklaryň arzanlamagyna getirmeýär. Muňa derek, azyk we senagat harytlarynyň bahalary öňküsinden-de gymmatlaýar.

"Bir kilogram käşiriň bahasy 12 manada ýetdi. Bir hepde ozal onuň bahasy 5 manatdy. Içimlik suwlar 8-10 manatdan, "Arçalyk" atly suw 13 manatdan bahalanýar. Gazagystanda öndürilen "Granum" atly unuň 5 kilogramy 105 manada ýetdi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 16-njy sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda ýurtda ortaça pensiýa hakynyň 600 manatdygyny, ýöne 200 manat pensiýa alýan raýatlaryň bardygyny hem ýatlatdy.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýan mahaly, walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy birnäçe ýyl bäri durnuksyz bolmagynda galýar.

Apreliň birinji ongünlüginde dollaryň manada bolan gatnaşygy rekord derejä ýetip, bir dollar 41 manada çenli ýokarlanypdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň Merkezi banky 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap dollaryň resmi söwdasyny gadagan etdi. Bu gadagançylygyň yzysüre, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi.

Bu aralykda, bazarlarynda harytlarynyň bahalary gymmatlaýan mahaly, subsidirlenen azyk önümleriniň ilata öz wagtynda paýlanmagy bilen bagly problemalar saklanyp galýar.

Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlary soňky gezek 21-nji awgustda eltilip berlen bolsa, käbir paýtagtlylara "çüýrän" towuk butlary paýlandy.

"Soňky hepdelerde käbir etrapçalarda azyk paýlaryny öýlere eltip bermek işlerini gaýtadan ýola goýdular. Şäheriň 10-njy etrapçasynyň ýaşaýjylaryna çüýrük towuk butlarynyň paýlanmagy bilen bagly köp waka boldy. Olaryň gaty ýaramaz, porsy ysy bar. 11-nji etrapçada bolsa, ilata towuk butlaryna derek, öňler bitin berlen towugyň indi ýarysy paýlandy" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde 16-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz subsidirlenen azyk önümleriniň az getirilýändigi sebäpli, onuň üstünde ýakalaşyklaryň hem bolýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle wakalaryň biri 14-nji sentýabrda Parahat-3 etrapçasynda boldy.

Bellesek, häkimiýetleriň azyk nobatlaryny görer gözden gizlemek maksady bilen, subsidirlenen azyk önümlerini adamlaryň öýlerine paýlamak boýunça maý aýynda girizen düzgüni bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar.

Häkimiýetler iýulyň başyndan awgustyň soňky ongünlügine çenli ilata azyk önümlerini her 10 günde bir gezek paýlan bolsa, 6-njy sentýabrda azyk paýlarynyň mundan beýläk aýda diňe bir gezek paýlanjakdygyny mälim etdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagt ýaşaýjylar subsidirlenen azyk önümleriniň 27-nji sentýabrda belleniljkek Garaşsyzlyk gününden soň doly ýatyrylmak ähtimallygyndan hem alada edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG