Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat mekdep okuwçylarynda ilkinji lukmançylyk kömegi üçin täze gapyrjaklar bolmaly


Mekdep okuwçysynyň ilkinji lukmançylyk kömegi enjamy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň sentýabr.
Mekdep okuwçysynyň ilkinji lukmançylyk kömegi enjamy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň sentýabr.

Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylar üçin täze talap girizildi. Indi çagalar şahsy derman gapyrjagy üçin täze gaplaryny satyn almaga borçly edildi. Şahsy kömek enjamlary geçen ýyl Türkmenistanda koronawirus keseliniň köpelmeginiň fonunda girizilipdi, emma COVID-19-yň özüni ýurduň häkimiýetleri henizem resmi taýdan hasaba almady. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary soňky täze talap barada jikme-jik habar berýärler.

Ilkinji lukmançylyk kömegi üçin täze gapyrjaklar Aşgabat şäherindäki başlangyç synp okuwçylaryndan talap edilýär. Bu barada mekdep müdirleri tarapyndan edilýär.

Indi çagalar bir elinde okuw kitaplary salnan okuw torbasyny, beýlekisinde plastmasdan edilen derman gutusyny göterip ýörmeli bolýarlar.

Derman üçin şahsy gapyrjagyň bolmagy her bir okuwçy üçin hökmanydyr. Bolmasa, okuwçylara mekdebe girmäge rugsat berilmeýär. Derman serişdelerini we sanitariýa önümlerini portfelde saklamaga rugsat berilmeýär.

Derman gapyrjagyna maska, ýod, rezin ellikler, antiseptik we oksolin mazy, şeýle-de ele pürküji antiseptik çüýşesi ýaly zatlar girýär. Mekdep okuwçylarynda hususy derman gapyrjagynyň bolmagy baradaky talap geçen ýylda girizilipdi, Şonda ilkinji lukmançylyk serişdeleri ýörite haltajykda bolmalydy we ony okuwçylar mekdep formasynyň üstünden sag tarapda götermeli edilipdi.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bu gapyrjaga buýan köküniň şiresi hem goşuldy sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň COVID-19-dan goraýýandygyny öňe sürdi.

Aşgabatdaky habarçylaryň 1-nji oktýabrda habar berşi ýaly, derman gapyrjagy üçin täze gutynyň bahasy 20 manat, onuň içindäki serişdeleriň bahasy 30 manat boldy. Bir okuwçynyň şahsy derman gapyrjagynyň umumy bahasy 50 manada ýetdi.

Şu ýylyň başynda ýurduň dürli sebitlerindäki orta mekdep okuwçylary üçin ilkinji lukmançylyk kömek serişdeleriniň bahasy 300 manada ýetipdi, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 85,7 amerikan dollar töweregi.

Häzirki okuw ýylynyň başynda Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylary dezinfeksiýa we howpsuzlyk stikerlerini satyn almaly edilipdi. Sentýabr aýynda, Türkmenistanda COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi bilen, Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary sosial aralygyň zerurlygy barada stiker satyn almaga mejbur edildi we munuň üçin pul tabşyrdy.

Ýurduň häkimiýetleri Türkmenistanda koronawirusyň ýaýrandagyny resmi taýdan ykrar etmegiň ýerine, çäklendirmeleri yzygiderli pugtalandyrýarlar, dürli talaplary girizýärler we ilata gözegçiligi güýçlendirip, olary ýerine ýetirmegi berk talap edýärler.

Iň işjeň geçirilýän çäre, maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilikden ybarat. Polisiýa köçelerde we ofislerde reýd geçirmegini dowam etdirýär. Polisiýa mekdeplerde mekdep okuwçylaryny saklaýar we jerime salýar. Döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri hemme ýerde maska geýmek borjy barada ýazmaça dilhatyny bermeli bolýarlar. Talaplary ýerine ýetirmezlik käýinçlere we jerimelere sebäp bolar.

Pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanyň ilaty COVID-19-a garşy göreşiň çäginde dezinfeksiýa serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, temperaturany ölçeýji gurallary, derman serişdeleri. şeýle-de üzärlik hem boýan köki ýaly zatlary satyn almak üçin pul tabşyrmaga mejbur edildi.

Ýurduň içinde hereket etmek üçin ilatdan ýörite saglyk kepilnamalary, şol sanda koronawirus testiniň negatiw netijelerini görkezmek talaby saklanyp galýar we koronawirusa garşy sanjym hökmany edilenden soň, talap edilýän dokumentlere waksinanyň edilendigi hakyndaky şahadatnama hem goşuldy.

Öz territoriýasynda COVID-19-yň bardygyny inkär edýän Türkmenistan, koronawirusa garşy çärelerini 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-niň delegasiýasynyň ýurda baryp, ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat berip gaýdandan soň girizdi.

Bu aralykda, BSG-niň resmilerine görä, Türkmenistan guramanyň başga bir möhüm talabyny, ýagny garaşsyz barlaglar üçin test nusgalaryny halkara barlaghanalaryna ibermek talabyny ýerine ýetirmändir.

Türkmenabatda ýüzärlikçiler köpelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG