Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Okuwçylardan şahsy derman haltalary talap edilýär. Lebapda koronawirus alamatlary bilen kesellän bir hirurg öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanly ene-atalar ýurtda ýeke hadysasy hem resmi taýdan tassyklanmadyk pandemiýa aladalarynyň fonunda, çagalaryny täze okuw ýylyna taýýarlaýarlar.

Şu günler mekdep ýolbaşçylary ene-atalardan çagalaryň okuw formasyna şahsy derman gabyny ýa-da haltasyny tikdirmegi talap edýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

"Okuwçylaryň mekdep formasynyň sag tarapyna, ýagny penjegiň üstünde durar ýaly goşmaça apteçka, halta tikdirmeli. Haltalarda ýüz maskasy, ýod, rezin ellik, pürkülýän antiseptik we oksalin geli bolmaly" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy awgustda gürrüň berdi.

Bu talap çagalary mekdepde okaýan ene-atalaryň her çagasy üçin goşmaça 200-300 manat çykdajy etmeli boljakdygyny görkezýär. Sebäbi habarçy bu talap yglan edilenden soň, okuwçylaryň şahsy derman haltasynda bolmaly serişdeleriň bahasynyň iki esse gymmatlandygyny aýdýar.

"200 mg ululykdaky antiseptikler 40 manatdan satylýardy. Bu talapdan soň, onuň bahasy 70 manada ýokarlandy. Öň oksalin geli 20 manada barabardy, häzir 50 manatdan satylýar. Bu serişdeler türkmen önümleri bolup, mekdep ýolbaşçylary olaryň diňe "Şa" we "Täç hil" firmalarynyň önümleri bolmalydygyny hem duýdurýarlar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumat boýunça Lebap welaýat häkimliginden we bilim bölüminden resmi kommentariý almak üçin eden synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylardan edilýän bu talap barada "Türkmen.news" neşiri hem habar berdi.

"17-nji awgustda irden Daşogzuň mekdepleriniň mugallymlary we synp ýolbaşçylary okuwçylaryň ene-atalaryna jaň edip, täze okuw ýylynda berjaý edilmeli täze talaplary mälim etdiler. Okuw ýylynyň birinji gününde çagalar mekdebe ýörite sanitariýa haltalary bilen barmaly. Ene-atalar ony özleri tikip, takyk serişdeler we dermanlar bilen doldurmaly" diýip, neşiriň 17-nji awgustda çap eden habarynda aýdylýar.

Daşogzuň 7-nji mekdebiniň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, gorag we dezinfeksiýa üçin ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen sanitariýa haltasy bolmadyk okuwçylar sapaklara goýberilmez diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosy bu barada Daşogzuň 7-nji mekdebinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen kesellän ýeke adamyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny tekrarlaýan mahaly, Azatlygyň habarçylary we ýurduň saglyk pudagyndaky çeşmeleri koronawirus alamatlary bilen keselleýänler hem-de ölýänler barada habar berip gelýärler.

Bu habarlaryň fonunda, geçen hepde Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen gürleşen ene-atalaryň köpüsi sentýabrda çagalaryny mekdebe ibermek islemeýändigini gürrüň berdiler. Olar häzirki ýagdaýda olary mekdebe ibermegiň çaganyň we hossarlarynyň jan saglygyny töwekgellige salmak diýip hasaplaýandygyny hem aýtdylar.

Bütindünýä bankynyň awgustyň başynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, koronawirus pandemiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilime, adam kapitalynyň hiline we durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesine uzak wagtlyk negatiw täsir eder.

Sebitdäki okuwçylar bilimleri boýunça ýewropaly deň-duşlaryndan 1,5 ýyl yzda süýrenýär. Koronawirus pandemiýasy bilim ulgamyna şeýle bir agyr zarba urýar welin, onuň täsiri (diňe Merkezi Aziýada 44 milliard dollar ykdysady ýitgini hem goşmak bilen) onlarça ýyldan soň ýüze çykar diýip, Bütindünýä bankynyň hasabatynda aýdylýar.

Bu aralykda, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň ýene biri Lebabyň Kerki şäherinde COVID-19 alamatlary bilen kesellän bir hirurgyň ýogalandygyny habar berýär. Habarçy hirurg Rustam Hamidowyň 17-nji awgustda jaýlandygyny aýtdy.

"1965-nji ýylda doglan hirurg sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda ýaşaýardy we çilim çekmeýärdi. Ol Kerkidäki ýokanç keseller hassahanasyna gitmekden ýüz öwrüp, öýünde bejergi alýardy" diýip, habarçy 19-njy awgustda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol Aşgabatdan Kerkä baran bir studentiň kesellemegi netijesinde Kerkiniň ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirilendigini hem aýtdy.

"Arassalaýyş işlerini geçirýän işgärler gelip, studentiň we onuň goňşularynyň öýüni arassalap, ýörite derman serişdelerini sepdiler" diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, habarçy etrap hassahanasynyň COVID-19 alamatlary bolan näsaglary kabul etmän, olary Kerkiniň ýokanç keseller hassahanasyna iberýändigini hem aýdýar.

"Hassalar bu ýerden-de Türkmenabada alnyp gidilýär. Etrap hassahanasynyň kesellän 3 lukmanyny eýýäm Türkmenabada iberdiler. Olar Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň intensiw bejeriş bölüminde saklanýar" diýip, habarçy Kerkiniň ýokanç keseller hassahanasynda dermanlaryň we lukmanlaryň ýiti ýetmezçilik edýändigini hem aýtdy.

Şeýle-de, habarçy Mary welaýatyndaky çaga dogulýan hassahanada lukmanlaryň aglabasynyň keselländigini belläp, sebitde COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleri has köp görse we eşitse bolýandygyny aýdýar.

"Maryda keselleriň sanynyň artmagyny dermanlaryň aglabasynyň Aşgabada iberilendigi bilen düşündirýärler. Kiçi şäherçelerde bolsa, derman hemişe hem ýetmezçilik edýärdi" diýip, habarçy maryly saglyk işgärleriniň birnäçesine salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary we Lebap welaýat, şeýle-de Kerki şäher häkimliklerinden hem-de hassahanalaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG