Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irki netijeler Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasynyň öňde barýandygyny görkezýär


Deslapky netijeler

Irki netijeler Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasynyň ýokary dartgynlylyk arasynda geçen gyzgalaňly ýerli saýlawlarda öňe saýlanandygyny görkezýär.

Şol bir wagtda, saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalaryň arasynda, Günorta Kawkaz ýurdunyň iki esasy syýasy güýji-de özüniň ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň 3-nji oktýabrda beren habaryna görä, sesleriň 99 göteriminden gowragynyň sanalmagy bilen, dolandyryjy partiýa bolan “Gürjüstanyň arzuwy” 46,6 göterim ses aldy.

Esasy oppozisiýa partiýasy, Birleşen milli hereket 30,7 göterim ses aldy. Galan sesler galan 48 partiýanyň arasynda paýlaşyldy, “Gürjüstan ugrunda” partiýasy 7,8 göterim ses bilen üçünji boldy.

2-nji oktýabrda şäher häkimlikleri we ýerli geňeşler üçin tutuş ýurt boýunça geçirilen saýlawlara çuň iki bölünen günorta kawkaz ýurdunda dolandyryjy partiýa, “Gürjüstanyň arzuwyna” referendum hökmünde garaldy.

Oppozisiýa, eger-de “Gürjüstanyň arzuwy” sesleriň 43 göteriminden gowragyny alyp bilmese, bu saýlawy irki parlament saýlawlaryny talap etmek üçin ulanmakçy bolýardy.

Öňki prezident, Birleşen milli hereket partiýasyny esaslandyryjy Mihail Sakaşwiliniň ses berişlikden öň oppozisiýany tijemek maksady bilen bosgunlykdan yzyna, ýurduna dolanyp gelen badyna tussag edilmegi dartgynlyklaryň has güýçlenmegine getirdi.

Oňa 3-nji oktýabrda serhetden bikanun geçmek aýyplamasynyň bildirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG