Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barlag: Pfizer/BioNTech waksinasynyň netijeliligi ýokary, emma wagtyň geçmegi bilen peselýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pfizer/BioNTech waksinasynyň 2-nji sanjymy soňky alty aýyň dowamynda COVID-19-a ýoluganlaryň keselhanada bejergi almak ähtimallyklaryny ýokary derejede peseldýär diýip, ABŞ-da geçirilen barlaglarda bellenilýär.

Lanset medisina žurnalynda 4-nji oktýabrda çap bolan maglumatda waksinanyň alty aýyň dowamynda wirus, şol sanda onuň has aňsatlyk bilen ýokuşýan delta görnüşi bilen kesellänleriň hassahanada bejergi almak zerurlygynyň öňüni almak boýunça 90% netijeliligi görkezýär.

Emma barlaglara görä, waksinanyň netijeliligi wagtyň geçmegi bilen pese gaçýar. Doly waksina urlundan soňky aýlaryň dowamynda onuň netijeliligi 88% bolsa, bäş aýdan soň bu görkeziji 47%-e çenli pese gaçýar.

Makalanyň awtorlary muny wirusyň delta ştamy bilen däl-de, esasan wagtyň geçmegi bilen immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Barlagda peýdalanylan maglumatlaryň esasynda geçen aý ABŞ-nyň saglyk edaralary uly ýaşly we töwekgelçilikli topardaky raýatlara buster, ýagny kuwwatlandyryjy sanjymy almagy maslahat berdiler.

Barlag ABŞ-daky 3,4 million töweregi adamyň elektroniki görnüşdäki saglyk hasabatlaryna esaslanýar.

Barlagyň çap edilen güni, Ýewropa Bileleşiginiň dermanlara gözegçilik edýän edarasy agza ýurtlara 18 ýaşdan ululara Pfizer/BioNTech-iň COVID-19-a garşy buster sanjymyny urmaga rugsat berdi.

XS
SM
MD
LG