Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Politkowskaýanyň öldürilmeginden 15 ýyl soň, žurnalistler onuň gorkularynyň amala aşandygyny aýdýar


Anna Politkowskaýa: “Biz sowet çukuryna, biziň öz nadanlygymyz sebäpli jan alýan maglumat boşlugyna gaýtadan çümýäris” diýip, 2004-nji ýylda ýazdy.

Garaşsyz “Nowaýa gazeta” gazetiniň öňde baryjy derňew žurnalisti Anna Politkowskaýa 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwadaky öýünde atylyp öldürilende Nataşa Zotowa heniz dokuzynjy synpda okaýardy.

“Şondan biraz soň, ‘Nowaýa gazeta’ biziň poçtamyza gelip başlady” diýip, ilki bu gazetde işlän we häzir BBC-de işleýän Zotowa ýaňy-ýakynda wirtual görnüşde geçirilen bir fleşmoba gatnaşyp, Facebook ulgamynda ýazgy galdyrdy. Bu onlaýn çärede žurnalistler özleriniň bu hünäre gadam basyşlary dogrusynda we prezident Wladimir Putiniň gözegçiliginde rus žurnalistikasynyň düşen ýagdaýy barada gürrüň etdiler.

“Soňra ejem žurnalistiň öldürilmegi baradaky habary eşidende özüniň gaty gaharlanandygyny gürrüň berdi. Men iň bolmanda bir zatlar etmek isledim” diýip, Zotowa aýdýar.

Şeýdip ol gazeta abuna ýazylýar. Ýaş Nataşa gazetiň üsti bilen demonstrasiýalaryň ýowuzlyk bilen basylyp ýatyrylmagy, saýlawlaryň galplaşdyrylmagy we Putin häkimiýeti astynda döwlet telewideniýesinde kän bir habar berilmeýän durmuşyň beýleki ugurlary barasyndaky habarlar bilen tanyş bolýar. Şeýlelikde, onda "Nowaýa gazeta" barmak üçin Politkowskaýanyň aýak yzlaryny yzarlamak hyjuwy döreýär.

Politkowskaýa Putiniň 54 ýaş ýubileýinde öldürildi. Şonda ol 48 ýaşyndady. Ölüm haýbatlaryny we zäherlenmek synanyşyklaryny başdan geçiren karýerasynda ol, ynsan hukuklary, hususan-da Demirgazyk Kawkaz respublikasy bolan Çeçenistanda ynsan hukuklarynyň kemsidilmegi baradaky adamkärçilikli habarlary we Putine gönükdiren aç-açan tankytlary bilen meşhurlyk gazandy.

Žurnalist Politkowskaýa ýatlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

“Biz sowet çukuryna, biziň öz nadanlygymyz sebäpli jan alýan maglumat boşlugyna gaýtadan çümýäris” diýip, ol 2004-nji ýylda çap eden “Putiniň Russiýasy” kitabynda ýazýar. “Bizde galanja zat – Internet. Ol ýerde maglumat heniz hem elýeterli. Mundan beýläk, eger žurnalistika bilen meşgullanmakçy bolsaňyz, bu diňe Putine hyzmat etmekden ybarat bolar. Ýogsa-da, bu, biziň ýörite gulluklarymyz, Putiniň garawul köpekleri siziň üçin nämäni mynasyp görseler, şondan ybarat bolar – ölüm , ok, zäher ýa-da sud!” diýip, ol ýazdy.

Onuň ölüminden 15 ýyl soň, Putin rus syýasatynyň berk gözegçiliginde galýar. Žurnalistler Politkowskaýanyň garaşsyz žurnalistikanyň ýagdaýy barada aýdanlarynyň amala aşandygyny aýdýarlar.

‘Fakt görkezmeýärler’

Sofýa Rusowa: "Täze repressiw kanunlar"
Sofýa Rusowa: "Täze repressiw kanunlar"

“Biz her gün diýen ýaly media serişdelerine ýa-da aýratyn žurnalistlere basyş edilýändigi barada habarlar alýarys” diýip, Žurnalistler birleşiginiň egindeş müdiri Sofýa Rusowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “On ýyl mundan ozal, bir habar guramasy Içeri işler ministrliginde ýol berilýän gynamalar barada habar ýazdy. Iki günüň içinde ähli mahabatçylar bu media guramasy bilen aradaky şertnamalaryny ýatyrdylar. Indi bu zatlar örän çalt bolup geçýär” diýip, ol aýtdy.

“Soňky on ýylyň dowamynda ýagdaý gaty üýtgedi. Häzir bular her hepde diýen ýaly repressiw kanunlary kabul edýärler” diýip, Rusowa sözüne goşdy.

Russiýanyň žurnalistler birleşiginiň başlygy we prezidentiň adam hukuklary we raýat jemgyýetleri boýunça maslahatçy geňeşiň agzasy Waldimir Solowýow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň hukuk hüjümine sezewar galan žurnalistleri goldap, kanun goraýjy edaralara “her gün diýen ýaly” hat iberýändigini aýtdy.

Soňky ýyllarda kabul edilen kanunlaryň arasynda “daşary ýurt agenti” atlandyrylýan kanunlar, islenilmeýän guramalar hakyndaky kanunlar we “ekstremizme” garşy göreşmegi maksat edinýändigi aýdylýan kanunlar bar. Bularyň ählisi garaşsyz media serişdelerini we raýat jemgyýetini garalamak ýa-da olary ýapmak kampaniýalaryny çaltlandyrmak üçin ulanylýar. Politkowskaýanyň iň soňky umyt hasaplan Internet habar saýtlarynyň köpüsi bary-ýogy birnäçe aýyň dowamynda nyşana alyndy, ýurtdan çykaryldy, ýa-da ýapmaga mejbur edildi. Aýry-aýry žurnalistler “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige alyndy, tussag edildi ýa-da ýurtdan çykaryldy.

Wladimir Solowýow: "Hiç hili düşündiriş berilmeýär
Wladimir Solowýow: "Hiç hili düşündiriş berilmeýär

“Biziň ýuristlerimize görä, media guramasy ýa-da žurnalist “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige alnanda, munuň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş berilmeýär” diýip, Solowýow aýtdy. “Hiç hili fakt ýok... Bu, elbetde, žurnalistler üçin ullakan alada, sebäbi, ahmal, biziň ählimiziň daşary ýurtly kärdeşler bilen nähilidir bir aragatnaşygymyz bolandyr, köpler daşary ýurt media guramalaryndan gonorar alandyr” diýip, Solowýow belledi.

“Men ejemiň soňky bolýan wakalary görmäge ömrüniň ýetmändigine begenýärin” diýip, 2010-2017-nji ýyllar aralygynda “Nowoýa gazetada” işlän Zotowa fleşmobda galdyran ýazgysynyň ahyrynda aýdýar.

“Iň bolmanda, ol “daşary ýurt agentiniň” ejesi bolmakdan alada galmaly bolmady” diýip, ol belleýär.

#запрещенная_профессия (“gadagan edilen kär”) heştegi astynda geçirilen fleşmobda galdyran ýazgysynda Meduza žurnalisti Pawel Borisow Politkowskaýanyň öldürilmeginden soňra rus žurnalistikasynyň nähili özgerendigi barada gürrüň berdi.

2008-nji ýylda dogruçyl žurnalist “ahlak we ülňüleri bolan hususy media kompaniýasyndan” iş tapyp bilýärdi diýip, ol aýdýar.

2011-nji ýyla geçip, onuň sözlerine görä, žurnalist ahlak we ülňüleri bolan ýöne eýesi hyzmatdaşlyga çekilmedik hususy media kompaniýasyndan iş tapmaly bolýardy.

2014-nji ýylda bolsa, žurnalist iş üçin daşary ýurtda hasaba alnan we eýesi basyşdan azat kompaniýa tapmaly boldy.

2018-nji ýyla geçip, žurnalist “BBC ýa-da Azatlyk Radiosy ýaly daşary ýurt media kompaniýalaryndan” iş tapmaly boldy.

2020-nji ýyla geçip, žurnalist YouTube kanallary, blog saýtlary ýa-da beýleki platformalar arkaly öz media guralyny döretmeli boldy.

Ýöne 2021-nji ýylda welin, Borisowyň sözlerine görä, şeýle žurnalist “nurbatlanýar”

“Umumy tragediýa”

Media analitigi we Sankt Peterburgyň PEN klubynyň agzasy Nikolaý Podosokorskiý rus hökümetiniň metbugat azatlygyna edýän hüjümleriniň diňe bir žurnalistleri we media guramalaryny däl, eýsem, žurnalistleri we media guramalaryny gorap biljek raýat jemgyýetlerini hem nyşana alýandygyny aýtdy.

“Häzir kagyz ýüzünde bir topar gurama, bileleşik we jemgyýetçilik hereketleri bar” diýip, ol aýdýar. “Ýöne iş ýüzünde hakykatdan hem ynsan hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar hüjüm astynda, olara ‘daşary ýurt agenti’, ‘islenilmeýän gurama’ diýen ýaly dürli-dürli tagmalar dakylýar. Bu hakykatdan hem biziň umumy tragediýamyz” diýip, ol belledi.

Sankt Peterburgly ýurist Galina Arapowa munuň bilen ylalaşyp, media serişdeleri boýunça açylýan işleriň sud diňlenişikleriniň örän seýrek ýagdaýda “10-15 minutdan” uzaga çekýändigini aýtdy.

Galina Arapowa: "Žurnalistler üçin ýeke-täk umyt"
Galina Arapowa: "Žurnalistler üçin ýeke-täk umyt"

“Şol sebäpden, žurnalistler üçin ýeke-täk umyt – olaryň öz hukuklaryny Ynsan hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň üsti bilen goramakdyr” diýip, Arapowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Pskowdaky “Pskowskaýa guberniýa” gazetiniň baş redaktory, “daşary ýurt agenti” sanawyna iň ir goşulan žurnalistleriň biri Denis Kamalýagin AÝ/AR-a beren interwýusynda dowam edýän basyşlar garşysynda rus jemgyýetiniň örän passiw galýandygyny aýtdy. Kamalýagin bu sanawa 2020-nji ýylyň dekabrynda girizildi.

“Olar oppozisiýa kanun çykaryjylaryndan öz haklarynyň goralmagyny talap etmäge taýýar, ýöne olaryň haklaryna gezek gelende, goramaýar” diýip, Kamalýagin aýtdy. “Olar mediadan dogry habar we gorag talap etmäge taýýar, ýöne özleri media serişdelerini goramaýar. Biziň jemgyýetimiz şeýle. Gynansak-da, biz özümiziň kommunist geçmişimiziň miwesini toplaýarys” diýip ol belledi.

2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwanyň Lesnaýa köçesiniň 8-nji jaýynda Anna Politkowskaýanyň atylyp öldürilen öýünde oturdylan ýadygärlikdäki gül desseleri. Arhiw suraty.
2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwanyň Lesnaýa köçesiniň 8-nji jaýynda Anna Politkowskaýanyň atylyp öldürilen öýünde oturdylan ýadygärlikdäki gül desseleri. Arhiw suraty.

“Nowaýa gazetanyň” žurnalisti Nadežda Isaýewa hem awgustda wirtual görnüşde geçirilen metbugat azatlygy fleşmobynda kiçi göwrümli esse bilen çykyş etdi. Ol öz eserinde abraýly media guramalarynyň ýykylmagyny we zehinli žurnalistleriň tas doly diýen ýaly çetledilmegini berk tankyt etdi.

“Garaşsyz žurnalistika hakykatdan hem gadagan edilen käre öwrülip barýar” diýip, ol feýsbukda ýazdy. “Haçan bir makala tabşyrsaň, olar gelip iş ýeriňi barlaýmasynr, ýa saňa garşy jenaýat işini açaýmasyn diýip, elmydama alada etmeli bolýarsyň... Ýöne soňra, özüňe gelip, täzeden işe başlaýarsyň.

Ýurtda hakykaty aýtmaga gurby çatýan kimdir biri bolaýmaly. Men ‘Nowaýa gazetada’ Anna Politkowskaýanyň işlän iş otagynda işleýärin. Men onuň suratyna her gezek seredenimde garaşsyz žurnalistikanyň ugrunda göreşilmeli möhüm gymmatlykdygyna düşünýärin. Sebäbi, eger biz göreşmesek, onda kim göreşsin?”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG