Gürjüstanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagy sebäpli, oňa keselhanada bejergi bermek zerurlygy döredi diýip, Saakaşwiliniň lukmany 10-njy oktýabrda telewideniýede geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy.
Saakaşwili 1-nji oktýabrda, ýurduň daşynda sekiz ýyl geçireninden soň Rustawi şäherine gelendigini yglan edeninden ençeme sagatdan soň tussag edilip, türme tussaglygyna ýerleşdirilenden soň, açlyk yglan edipdi.
2018-nji ýylda Saakaşwilä gaýybana tussaglyk hökümi çykaryldy. Ol soňky ýyllarda Ukrainada ýaşaýardy.
Geçen aý Saakaşwili, türmä basylmak howpuna hem garamazdan, 2-nji oktýabrda geçirilen ýerli saýlawlar üçin watanyna dolanjakdygyny yglan edipdi. Ol ýurtdaky syýasy krizisiň arasynda “döwleti halas” etmäge hemaýat bermek isleýändigini aýdypdy.
Saakaşwiliniň lukmany Nikoloz Kipşidze ozalky prezidentiň saglyk ýagdaýyny onuň paýtagt Tbilisiniň golaýynda saklanýan türmesindäki beýleki saglyk işgärleri bilen maslahat edendigini aýtdy.
“Men olar bilen bu gijäni geçirmek barada ýarym sagat çemesi gürleşdim. Men onuň ýanyna ertir hem barmagy göz öňünde tutýaryn. Biziň ony keselhana geçirmeli bolmagymyz hem mümkin” diýip, lukman gürji telewideniýesinde aýtdy.
Mundan soň, Gürjüstanyň adalat ministri aklawçynyň belliklerini inkär etdi, şeýle-de Saakaşwiliniň “saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny” aýtdy.
Ol Saakaşwiliniň kadaly dermanlar bilen üpjün edilýändigini, şeýle-de onuň ýaşaýyş üçin möhüm alamatlarynyň “oňaýlydygyny” sözüne goşdy.