Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' ÝB bilen Dohada gepleşýär, dünýäniň ykdysady ägirtleri Owganystana kömegi maslahatlaşýar


Owganystan

12-nji oktýabrda "Talybanyň" delegasiýasy Kataryň Doha şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşýar. Şol gün dünýäniň iň güýçli ykdysadyýetli 20 ýurduň ýolbaşçylary bolsa, Owganystan bilen baglanyşykly kömek, howpsuzlyk we beýleki meseleler barada pikir alyşar.

Owganystanyň "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki, ÝB bilen gepleşikler barada "Talybanyň" wekilleri häkimiýet başyna gaýdyp geleli bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri bilen ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerden soň yglan etdi.

"Ertir ÝB-niň wekilleri bilen duşuşarys. Beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen oňyn duşuşyklary geçirýäris" -diýip Muttaki 11-nji oktýabrda aýtdy.

Muttaki “Bütin dünýä bilen oňyn gatnaşyklar isleýäris. Deňagramly halkara gatnaşyklaryna ynanýarys. Şeýle deňagramly gatnaşyklaryň Owganystany durnuksyzlykdan halas edip biljekdigine ynanýarys" -diýdi.

ABŞ-nyň resmileri bilen şahsy gepleşikler geçen hepdäniň ahyrynda geçirildi. Amerikan tarapy, duşuşyklaryň "Talybanyň" hökümetini ykrar etmek bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

12-nji oktýabrda Uly 20-lik toparynyň (G20) ýygnagy Italiýada geçiriler. Duşuşyk kömege mätäçlere ýardam, howpsuzlyk aladalary we ýurtda henizem galýan müňlerçe günbatar bilen ýaran bolan owganlylaryň howpsuz çykarylmagyny kepillendirmek ýaly meselelere gönükdiriler.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Owganystanyň ykdysadyýeti baradaky aladalaryň we "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen nähili işleşmelidigi baradaky dürli pikirleriň arasynda "G20" ýygnagyna gatnaşar.

Hytaý Owganystana garşy ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we milliardlarça dollarlyk owgan emläkleriniň doňdurylmagyny we Kabula berilmegini talap etdi. 12-nji oktýabrdaky ýygnakda bu meseläniň ara alnyp maslahat edilip-edilmejegi entek belli däl.

Hytaý metbugaty Prezident Si Szinpiniň duşuşyga gatnaşmajakdygyny habar berdi. Şeýle hem Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň jaň edip-etmejekdigi agzalmady. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we Ýewropanyň "Uly-20" guramasynyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

11-nji oktýabrda Guterres Owganystanyň ykdysadyýeti barada ýene bir gezek duýduryş berdi we ýurduň “öwrülişikli pursat” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny hem-de nagt pul goýberilmegini haýyş edýändigini aýtdy.

Guterres BMG-niň Nýu-Yorkdaky baş edarasynda žurnalistlere "Häzirki wagtda aktiwler doňduryldy we ösüş kömegi togtadylandan soň ykdysadyýet çökýär" -diýdi. "Banklar ýapylýar we köp ýerlerde saglygy goraýyş ýaly möhüm hyzmatlar togtadyldy."

BMG-niň ýolbaşçysy nagt pullaryň owgan ykdysadyýetine “halkara kanunlaryny bozmazdan ýa-da ýörelgeleri bozmazdan” girizilip bilinjekdigini aýtdy.

Gutteris Owganystanyň ykdysady çökgünliginiň öňüni almak üçin pul ugratmagyň "Talybanyň" ykrar edilmeginden, sanksiýalary ýatyrmakdan, emläkleri doňdurmakdan ýa-da halkara kömegini dikeltmekden aýry bir meseledigini aýtdy.

Şeýle hem Guterres, "Talybana" aýal-gyzlaryň işlemegine we gyzlara bilimiň ähli derejeleriniň elýeterliligini döretmek baradaky wadalaryny bozmazlygy ýatlatdy.

"Talyban" tarapyndan owgan aýal-gyzlaryna berlen wadalaryň bozulýandygyny görmek meni aladalandyrýar "-diýip Gutteres aýtdy we bu "öwrenmek, işlemek, emläk edinmek we hukuklar hem mertebe bilen ýaşamak ukybynyň ösüşini kesgitlär "-diýip belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG