Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň garry raýatlary we 1-nji topar maýyplary nagt pensiýa almak hukugyny ýitirdiler


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmen pensionerleri ýene-de pensiýa almak meselesinde kyncylyga duçar boldular. Ýurduň gündogar welaýatynda birnäçe etrabyň garry ýaşaýjylary iki aý bäri pensiýalaryna garaşýarlar. Bu koronawirusyň ýaýramagy, bahalaryň ýokarlanmagy we azyk hem-de derman serişdeleriniň ýetmezçiligi wagtynda bolup geçýär.

Farabyň we Danewiň iň garry ýaşaýjylary şu çaka çenli özlerine nagt görnüşde berilen pensiýalaryny indi alyp bilmän galdylar. Bular ýaşy 75-den geçen pensionerler. Habarçylaryň habar bermegine görä, Farapda olaryň diňe 34-si ýaşaýar, we ýene 50-si Dänewde.

Görnüşi ýaly, pensionerlere pensiýalaryň berilmezliginiň sebäbi pensiýa üpjünçiliginiň tertip-düzgüniniň ýene-de üýtgedilmegi bilen düşündirildi. Ýerli sosial üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň sözlerine görä, indi pensiýasyny nagt görnüşinde diňe ýaşy 80-den geçen pensionerler alyp bilerler. Şol sebäpden, ozal nagt pensiýa alan 75 ýaşdan geçenleriň hemmesi bu mümkinçilikden mahrum bolup, nagt däl hasaplaşmak usulyna geçirilýärler we munuň üçin plastik bank kartoçkasyny açmaly bolýarlar.

Pensionerler özlerine öňünden hiç hili resmi habaryň berilmändigini we pullaryny alyp bilmänsoň özleri häkimiýetlere ýüz tutansoň garaşylmadyk täzelikden habarly bolandygyny aýdýarlar.

Habarçylar Farapda we Dänewde 80 ýaşly ýaşaýjylaryň tas ýokdugyny aýdýarlar.

1-nji topardaky maýyplar hem 1-nji awgustdan bäri döwletden alýan kömek pullaryny nagt almak ýeňilliklerini ýitirdiler. Olara puly nagt almak mümkinçiligiň düýbünden ýatyrylandygy we plastik kartoçkalaryň açylmalydygy aýdyldy.

Pensiýa hasaplaşygynyň usulynyň ýene-de üýtgemegi, koronawirus bilen keselçiligiň we ölümiň köp ýüze çykýan wagtynda bolup geçýär. Türkmen raýatlarynyň gitdigiçe has köpüsi zerur lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär, derman serişdeleriniň we azyk ýetmezçiliginiň, bahalaryň ýokarlanmagynyň netijesinde köpçülik mätäçlik çekýär.

Geçen gezek Türkmenistanda pensiýa almagyň düzgünleri ýaňy-ýakynda üýtgedilipdi. Tomsuň başynda, pensionerlere ýylda iki gezek, ýylyň başynda we ortasynda sosial üpjünçilik edaralary bilen habarlaşmalydygy we özleriniň diridigini tassyklamalydygy aýdyldy. Ondan öň bu talaby üç ýylyň dowamynda ýylda bir gezek berjaý etmelidi. Diňe tassyklanandan soň pensioner alty aýyň dowamynda pensiýa almak hukugyna eýe bolýar.

Pensiýa tölegleri bank kartlaryna 2018-nji ýylyň maý aýynda bölekleýin geçirilip başlandy. Şondna soň pensiýa töleglerini we döwlet kömek pullaryny nagt görnüşde almaga rugsat berilen raýatlaryň ýaş kategoriýalary kem-kemden azaldyldy. Şondan bäri pensiýa ýa-da döwlet býujetinden kömek alýan raýatlaryň ähli kategoriýalary diýen ýaly nagt däl töleg usulyna geçirildi. Pul olaryň plastik kartoçkalaryna geçirilýär.

Maliýe çökgünliligi, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi köp adamy eklençsiz galdyrdy. Mundan başga-da, pensiýa we kömek pullary yzygiderli gijikdirilýär. Bank kartoçkalary bilen tölemek mümkinçiligi ýurtda ujypsyz bolmagynda galýar.

Pensiýalar, kömek pullary, aýlyklar bilen bilelikde ýurtda her ýyl ýokarlanýar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda pensiýalaryň mukdaryny 10 göterim ýokarlandyrandan soň, pensiýalaryň iň pes möçberi 338 manat (gara bazar nyrhy boýunça 18 dollara), döwlet ýeňillikleriniň iň pes möçberi 322 manat (17 dollar) boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň sosial goragyny kepillendirýär. Geçmişde ýurduň häkimiýetleri ilaty pensiýa hukugyndan kanun esasynda mahrum edipdi. 2006-njy ýylda gol çekilen kanun 100 000-den gowrak pensioneri eklençsiz galdyrdy we ýene 200000 adamy pensiýalarynyň bir böleginden mahrum edipdi. 2007-nji ýylda pensiýalar dikeldildi.

Uzaga çeken ykdysady krizisiň we koronawirus pandemiýasynyň fonunda, Türkmenistanda ilatynyň ýaşaýyş derejesi düýpgöter peseldi. Garrylaryň we maýyplaryň ençemesi barha agyrlaşýan ýagdaýda güzerany ugrunda göreşmäge mejbur bolýarlar. Dilegçilik edýän ýa-da zir-zibil çeleklerini dörýän adam köpeldi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň çekýän kynçylyklaryny aç-açan ara alyp maslahatlaşmaýarlar we garyplygyň bardygyny ykrar etmeýärler. Sosiologiki barlaglar Türkmenistanda geçirilmeýär. Ilatyň ýaşaýyş derejesini görkezýän statistik maglumatlar hem çap edilmeýär. Ýurtda ilatyň girdejisini, işsizligi, ölüm we dogluş derejesini görkezýän sanlar elýeterli däl. Ilat başyna zerur önümleriň minimal derejesini kesgitleýän hasap ýöredilmeýär. Mundan başga-da, 2007-nji ýyldan bäri ilatyň sany barada resmi maglumat çap edilmedi.

Beýleki ýurtlaryň tejribesine seredilende, pensiýa reformasy halkyň hökümete bolan ynamyny gowşamagynyň esasy sebäpleriniň biri bolýar. Meselem, Russiýa Federasiýasynda garaşsyz Lewada Merkeziniň sosiologlarynyň barlaglaryna görä, 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine bolan ynam derejesi iki esse diýen ýaly pese gaçypdyr - 59% -den 35% -e düşüpdir. Halkyň prezidentden nägileligiň esasy sebäpleri ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, ilatyň hakyky girdejileriniň ep-esli azalmagy we pensiýa reformasy diýlip görkezildi. Bu sebäpleriň hemmesi halk arasynda nägileligiň we gorkynyň artmagyna sebäp boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG