Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üýtgän düzgünlerden habarsyz pensionerler pensiýalaryny alyp bilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň Farap etrabynda onlarça pensioner pensiýa haklaryny alyp bilmän kösenýär. Muňa etrapda pensionerleriň özleriniň diridigini subut etmek baradaky düzgünleriň üýtgemegi sebäp bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, mundan ozal etrabyň pensionerlerinden ýylda bir gezek sosial üpjünçilik edarasyna baryp, özleriniň diridigini subut etmek talap edilýärdi. Bu düzgün üç ýyl bäri şu görnüşde dowam edýärdi.

Ýöne bu talap şu ýylyň ikinji ýarymynda üýtgedildi we indi pensionerlerden ýylyň başynda hem-de ortasynda özleriniň diridigini subut etmek talap edilýär. Munuň netijesinde, olara 6 aý üçin pensiýa almaga mümkinçilik döredilýär.

Emma bu täze düzgün barada pensionerler habarly edilmedi. Şol sebäpli, habarçymyzyň sözlerine görä, etrabyň onlarça pensioneri özleriniň diridigini subut edýän resminamalary taýýarlap, iýun aýynda etrabyň sosial üpjünçilik edarasynyň pensiýa bölümine tabşyrmadylar.

"Awgust aýynyň ikinji ýarymyna girdik. Heniz-de iýul aýy üçin pensiýa haklarymyzy alyp bilmeýäris. Sebäbi adatça bolşy ýaly pensionerler täze düzgün barada habarly edilmedi. Häzir etrap karantine ýapyldy. Etrapda hereket çäkli, edaralar öňki güýjünde işlemeýär. Ýaşaýan ýeriňden resminama we keselhanadan hat alyp bolmaýar. Pensiýamyzy haçan aljagymyz belli däl" diýip, efirde adynyň Artyk aga diýlip tutulmagyny soran faraply pensioner habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, 12-nji iýulda sebitdäki habarçylarymyz Farapda keseliň ojagynyň tapylandygyny we etrabyň karantina ýapylandygyny habar beripdiler. Şonda Farap etrabyny beýleki sebitler, şol sanda Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollar we köprüler ýapyldy. Şondan bäri Farabyň ilatyna sebitden çykmak we sebite girmek çäklendirildi.

Artyk aga özi ýaly onlarça pensioneriň karantin çäklendirmeleriniň arasynda, pensiýasyz kösenýändigini aýdyp, "häkimiýetler täze düzgünleri wirus aladalary we çäklendirmeleri gowşansoň güýje girizseler gowy bolardy" diýýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Farap etrap sosial üpjünçilik edarasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Pensionerleriň özleriniň diridigini hasaba aldyrmagy tutuş ýurt boýunça talap edilýär. Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan resmileriň sözlerine görä, bu çäreleriň esasy maksady pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygynyň öňüni almakdan ybarat.

Bu aralykda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan faraply maýyplaryň ençemesi resmileriň özlerini hasaba almajak bolup "uly tagalla edýändigini" aýdýar.

"Ähli resminamalaryň bolup, maýyplygyň görnüp duran bolsa-da, lukmanlar we komissiýa girýän beýleki resmiler maýyplygyň tassyklamajak bolup müň bahana edýärler" diýip, faraply maýyp anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şol bir wagtda, ol 15000-20000 manat aralygynda para beren raýatlaryň maýyplygynyň dessine tassyklanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, lukmanlaryň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigini, şeýle-de maýyplygy tassyklatmak üçin "para bermelidigini" indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler.

XS
SM
MD
LG