Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda pagta ýygmak üçin ýygymçy tapdyrmaýar 


Pagta meýdany, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty) 
Pagta meýdany, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistanyň gündogarynda pagta meýdanlarynda işlemek üçin iş güýjüniň ýetmezçiligi döredi. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, öň pagta meýdanlarynda işlemäge zar bolan günlükçi işçiler köplenç hususy hojalyklarda gök önüm, miwe ýygmak işlerinde zähmet çekýärler.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, pagta meýdanlarynda işleýänleriň azalmagyna ýygymçylara berilýän zähmet hakynyň örän ujypsyzlygy sebäp bolýar. Ýygymçynyň bir günki zähmet haky 15 manatdan aşmaýar.

Habarçy şu günler her kimiň has gazançly ýerleri gözleýändigini belläp, şu ýyl öz hususy ýerlerinde bag-bakça we gök önümlerini ýetişdirýän hojalyklaryň köpelendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, günlükçi işgärlerini tutýarlar. Olaryň töleýän puly hem şu ýyl ýokarlandyrylypdyr.

Öň 30 manat tölenýän bolsa, indi 45 manat töleýärler, diýip habarçymyz aýdýar.

"Indi pagta ýygmaga adam ýok, sanlyja býujet işgäri ýygaýmasa, olaryň sany ujypsyz ilatyň 10%-ne ýetmeýär. Işsizler bolsa eklene üçin köpräk gazanjyň gözleginde. Eger bu gidişine gitse, gowaçany hiç kim ýetişdirmez" diýip, Azatlyk bilen gepleşen lebaply çeşme aýdýar.

Türkmenistanda pagta ýurt ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenen plana görä öndürilýär. Resmi maglumatlara görä, bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Pagta önümçiliginde ýyllarboýy mugt iş güýji ulanylýar.

Býujet işgärleri, goşun gullukçylary, okuw jaýlarynyň okuwçylary pagta ýygyma ugradylýar, ýa-da olardan ýygymçy tutmak üçin pul ýygnalýar. Käbir ýyllarda olardan hem ýygymçy tutmak üçin pul tabşyrmak, hem-de pagta meýdanynda işlemek talap edilipdi.

Üstesine, pagta ýygyma dürli administratiw bidüzgünçilikler üçin saklanan adamlar hem ugradylýar. Olaryň arasynda maska dakynmandygy ýa-da maskany nädogry dakynandygy üçin tutulan adamlar, şeýle-de administratiw düzgün bozmalar üçin saklanyp, jerime töläp bilmedikler pagta meýdanynda işledilýär.

Pandemiýanyň başlanmagyndan soň, koronawirusyň ýekeje-de ýagdaýyny resmi hasaba almandygyny aýdýan ýurduň dürli künjeklerinde polisiýa işgärleriniň maskasyz adamlary saklamak we olara jerime töletmek ýa-da pagta meýdanlaryna ugratmak çärelerini geçirýändigi ençeme gezek habar berildi.

Türkmen häkimiýetleri pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti resmi taýdan boýun almaýarlar. Emma ýurduň pagta önümçiliginde raýatlaryň mejbury zähmetinden peýdalanmak işleri pagtanyň ýygylýan döwründen has öň başlanýar, başda adamlar otag işlerine, soňra gowaça çürtmek ýaly işlere çekilýär.

Türkmenistanda ýolbaşçylaryň bol hasyly wada berip, ýokary sanlary yglan edýän wagtynda, pagta hasylyna täsir edýän howa şertleri, suw-siller, gurakçylyk ýaly tebigy ýagdaýlar, şeýle-de suw, dökün ýetmezçiligi ýaly guramaçylyk kemçilikler häkimiýetler tarapyndan açyk agzalmaýar. Her ýyl prezident tarapyndan öňünden kesgitlenen planyň artykmajy bilen berjaý edilýändigini yglan edilip gelinýär.

Halkara adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagyny ýyllarboýy tankytlap gelýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) garaşsyz guramasy global haryt öndürijileri Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG