Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: YD-nyň owgan şaýylaryna garşy hüjümleri adamzada garşy jenaýatdyr


“Yslam döwleti – Horasan” topary Owganystanda soňky döwürde amala aşyrylan iň ganly hüjümleriň ençemesiniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň ýerli şahamçasynyň azlykdaky şaýylara garşy amala aşyrýan hüjümleriniň adamzada garşy jenaýata deňdigini aýtdy.

“Yslam döwleti – Horasan” topary Owganystanda soňky döwürde amala aşyrylan iň ganly hüjümleriň ençemesiniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şu aýyň başynda Gunduz we Kandagar welaýatlarynda şaýylaryň metjitlerine edilen hüjümlerde 150 çemesi adam heläk bolupdy. Topar 29-njy awgustda hem Kabul aeroportynda janyndan geçeniň hüjümini gurnapdy. Hadysada 170 adam, aglaba parahat ilatyň ýaşaýjylary öldi.

“‘Yslam döwleti – Horasan’ ýaragly topary, görnüşinden esasan hem Owganystanyň hazarylaryň jemgýyetine garşy terrory we ýokary derejede ejiri çekdirmek üçin dowamly heläkçilikli hüjümleri amala aşyrdy” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasynyň Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Patrisiýa Gossman belledi.

“Hazarylara garşy gönükdirilen hüjümler adamzada garşy jenaýata deňdir, muňa jogapkärler adalata çekilmelidir” diýip, HRW 25-nji oktýabrda beýanat bilen çykyş etdi.

Esasan şaýy bolan hazarylar Owganystandaky üçünji uly etniki topardyr. Onuň agzalary sünnüleriň agdyklyk edýän Owganystanda uzak wagtdan bäri ýanamalara we hüjümlere sezewar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG