Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ministrlik: Sudanda ministrleriň aglabasy, hökümet agzalary tussag edildi


Sudanyň paýtagty Kartoumda köçelere çykan protestçiler, 25-nji oktýabr, 2021 ý.

Sudanda harby agdarylyşyk baradaky maglumatlaryň arasynda hökümetiň ençeme agzasy saklandy.

Maglumat ministrligiň habaryna görä, 25-nji oktýabrda bilelikdäki harby güýçler Sudanyň geçiji dolandyryş edarasynyň we geçiji hökümetiniň ençeme raýat agzasyny saklapdyrlar. Olaryň aýdyňlaşdyrylmadyk bir ýere geçirilendigi hem bellenilýär.

Harbylar tarapyndan saklananlaryň arasynda ýurduň premýer-ministri Abdallah Hamdokyň we azyndan başga-da dört ministriň bardygy çaklanylýar.

Harbylar häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.

Reuters gullugynyň maglumatyna görä, paýtagt Kartoumda eli baýdakly protestçiler köçelere çykyp, ulag tekelerini hem ýakypdyrlar. Bu ýagdaýlaryň fonunda, paýtagta harby we ýarym-harby güýçler çekildi we raýatlaryň hereketi çäklendirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG