Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde we Ukrainada COVID-19 hadyslarynyň gündelik rekord görkezijileri hasaba alyndy


Ukrain hassahanasy
Ukrain hassahanasy

Russiýa 28-nji oktýabrda gündelik koronawirus ýokuşmalarynyň we ýogalanlaryň sany boýunça rekord görkezijileri berdi.

Resmi hökümet hasabyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 40 096 täze hadysa, 1,159 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Häzire çenli ýurtda bu dertden ölenleriň sany 235,000-den gowrak bolup, bu dünýäde ABŞ, Braziliýa we Hindistan ýaly ýurtlardan soň dördünji orun bolýar.

Moskwa 28-nji oktýabrda diňe dermanhanalar we supermarketler ýaly esasy dükanlaryň açyk bolmagyna rugsat berip, bölekleýin petiklendi.

Şeýle-de, noýabr aýynyň birinji hepdesinde tutuş ýurt boýunça iş ýerleriniň ýapyljagy aýdyldy.

Saglyk ministrliginiň 28-nji oktýabrda beren habaryna görä, Ukraina soňky 24 sagadyň dowamynda gündelik COVID-19 näsaglarynyň 26,071 sanysyny hasaba aldy, mundan öň 22-nji oktýabrda alnan görkeziji 23,785 näsag bolupdy.

Wirus bilen bagly ýogalan adamlaryň sany 576 boldy.

Pandemiýa başlaly bäri Ukrainada 2,85 million adama COVID-19 ýokuşdy, 66204 adam bolsa bu dertden ýogaldy.

Gündogar Ýewropada ýokanç kesel bilen keselleýän we ölýän adamlaryň sany köpelýär, häkimiýetler bu ýagdaýyň sebäbini sanjymlaryň haýallygynda görýärler.

XS
SM
MD
LG