Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus türmelerindäki gynag wideolaryny syzdyran öňki tussag gaýybana tussag edildi


Gulagu.net neşiriniň çeşmesi Sergeý Sawelýew

Russiýanyň Saratow sebitindäki kazyýet belarus programmisti Sergeý Sawelýewi kanun esasynda goralýan maglumatlara bikanun el garandygy üçin gaýybana tussag etdi. Ony halkara derejesinde gözlenýän adamlaryň sanawyna girizmekçi bolýarlar.

Güman edilýän adam Federal Jeza gullugynyň (FSIN) işgärleriniň tussaglary gynaýyşlaryny görkezýän wideo ýazgylaryny adam hukuklaryny goraýjylara geçiripdir. Ol wideolar türmelere gözegçilik edýän edaranyň maglumatlar bazasynda saklanýan eken.

Jenaýat işiniň gozgalandygy we Sawelýewiň gaýybana tussag edilendigi baradaky habary IIM-niň Saratow sebitindäki metbugat gullugy çap etdi. Saratowda Federal jeza gullugynyň inçekesel hassahanasy bar we, Sawelýew tarapyndan ýaýradylan wideolara görä, tussaglary şol ýerde gynapdyrlar.

Häzir Fransiýada ýerleşýän Sawelýew Russiýada gözlenýän adamlaryň sanawyna girizildi. Ol golaýda Pariže bardy we syýasy gaçybatalga sorady.

Ýöňkelýän günä boýunça oňa, ýokary bolanda, dört ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek garaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG