Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň Kabuldaky harby hassahana eden hüjüminde azyndan 19 adam öldi


Kabul
Kabul

Owganystanyň paýtagtyndaky harby hassahana edilen ýaragly we bombaly hüjümde azyndan 19 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. “Talyban” awgust aýynda häkimiýeti ele geçireli bäri guralan kast ediş hüjümleriniň ýene biriniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary öz boýuna aldy.

Owganystanyň iň uly harby hassahanasyny nyşana alan hüjümçiler ilki iki bomba partladyp, desganyň daşyndan birnäçe tapgyr ok atdylar diýip, resmiler we şaýatlar 2-nji noýabrda aýtdylar.

Ýerli metbugat alty hüjümçiniň dördüsiniň öldürilendigini, galan ikisiniň tussag edilendigini habar berdi.

Käbir habar gulluklarynyň habaryna görä, ölenleriň sany 25-e ýetdi. Emma berilýän habarlarda ölenleriň sanyna hüjümçileriň goşulyp-goşulmandygy belli däl.

YD topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýip, bu topar bilen ilteşikli “Amak” habar gullugy öz Telegram kanalynda aýtdy.

“Talyban” awgust aýynyň ortalarynda halkara derejesinde goldanýan hökümeti agdaryp, howpsuzlygy hem-de düzgün-tertibi dikeltdim diýeli bäri, YD-nyň bir bölümi bolan we özüni “Yslam döwleti-Horasan welaýaty” (YD-H) atlandyrýan topar uruşdan tozan ýurtda metjitlere we beýleki nyşanalara hüjüm edip, bir topar adamyň başyna ýetdi.

YD-H 2017-nji ýylda hem şol hassahana hüjüm edip, 30-dan gowrak adamyň ölmegine sebäp bolupdy.

Ýaşaýjylar tarapyndan paýlaşylan suratlarda 400 orunlyk Sardar Muhammet Daud Han harby hassahanasynyň daşyny gaplan goýy tüsse görünýär.

Içeri işler ministrliginiň wekili pidalaryň sanyny tassyklamady.

XS
SM
MD
LG