Awstriýanyň daşary işler ministri Mihael Linhart Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň çäginde Türkmenistana barýar. Bu barada Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň websýatynda habar berilýär.
Ministrligiň habaryna görä, Linhart uly işewür topary bilen bilelikde, 4-9-njy noýabr aralygynda Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana we Türkmenistana sapar edýär.
“Ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklarda esasy üns Owganystandaky ýagdaýa we ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdiriler” diýlip, habarda Awstriýanyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň ahyrynda Türkmenistana barjakdygy hem bellenilýär.
“Owganystanyň ýakyn goňşulary hökmünde Merkezi Aziýa döwletleri krizisi ýeňip geçmekde möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin Merkezi Aziýa döwletlerine edýän saparym raýdaşlygyň alamaty bolup, halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we adam söwdasyna garşy göreşde bilelikde işleşmegi teklip edýär. Şeýle hem, men ne Owganystandaky halkdan, ne-de Merkezi Aziýa hyzmatdaşlarymyzdan ýüz öwürmejekdigimizi aç-açan aýdasym gelýär” diýlip, websaýtda Linhartyň sözleri sitirlenýär.
Bu sapar barada heniz Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde ýa-da Daşary işler ministrliginiň websaýtynda maglumat göze ilmeýär.
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýola goýuldy.