ABŞ-nyň Döwlet departamenti 10-njy noýabrda daşary işler ministrleriniň COVID-19 sanjymlaryny paýlamak we beýleki pandemiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirer. ABŞ dünýäni saglyk krizisinden çykarmak işine has köp ýurdy çekmäge çalyşýar.
Döwlet sekretary Antoni Blinken pandemiýanyň soňuna çykmak we geljekde global saglyk howpsuzlygyny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara baha bermek üçin wirtual ýygnak geçirer diýip, Döwlet departamentiniň COVID-19 bilen bagly global meseleler boýunça koordinatory 9-njy noýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
ABŞ “global pandemiýany ýok etmek üçin global hyzmatdaşlygymyz bolmaly” diýip hasap edýär.
Ministrler dünýäde waksinalary paýlamak meselesindäki boşluk we ýardam hökmünde berlen sanjymlaryň ulanylmagy ýaly gysga möhletli meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
Döwlet departamenti ýygnagyň öňüsyrasynda gatnaşyjylaryň sanawyny çap etmedi, ýöne ähli sebitlerden, kontinentlerden we regional guramalardan gatnaşyjylary ýygnamaga synanyşýandygyny aýtdy.