Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň goldaw toparynyň öňki başlygy ekstremizmde aýyplanyp tussag edildi


Liliýa Çanişewa
Liliýa Çanişewa

Russiýanyň Başkortostan Respublikasyndaky türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň goldaw toparynyň öňki başlygy ekstremizm aýyplamalary bilen tussag edildi.

Aktiwist Olga Komlewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Liliýa Çanişewanyň 9-njy noýabrda Başkortostanyň paýtagty Ufada polisiýa tarapyndan öýi dökülensoň, tussag edilendigini aýtdy.

Komlewanyň sözlerine görä, polisiýa Ufa we Kemerowo şäherlerinde Nawalnynyň häzir işlemeýän gurmalarynyň beýleki aktiwistleriniň öýlerini hem döküpdir.

Hüjüm wagtynda aktiwistleriň kompýuterleri we jübi telefonlary konfiskasiýa edildi.

Aktiwistleriň käbiri soraga çekilip, gysga wagtlyk tussag edildi.

Şeýle-de bolsa, Çanişewa tussag edildi we onuň deslapky tussaglygy baradaky karara 11-nji noýabrda garaşylýar.

Nawalnynyň tutuş ýurt boýunça goldaw toparlary we beýleki guramalary ekstremist diýlip atlandyryldy we şu ýylyň başynda Russiýada gadagan edildi.

Nawalnyý fewral aýyndan bäri tussaglykda saklanýar, onuň birnäçe egindeşi ekstremist topar döretmekde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG