Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň kommunistleri ‘taryhy’ duşuşygy jemläp, Şiniň häkimiýetini hasam güýçlendirdiler


Şi Hytaýda tankydy garaýyşlara çydamsyzlyk görkezýän we garşydaşlaryny basyp ýatyrýan şahsyýet kultuny döretdi.
Şi Hytaýda tankydy garaýyşlara çydamsyzlyk görkezýän we garşydaşlaryny basyp ýatyrýan şahsyýet kultuny döretdi.

Hytaýyň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýanyň täsirli merkezi komiteti, Pekinde dört günläp dowam eden maslahatyň dowamynda, prezident Şi Jinpingiň häkimiýetdäki güýjüni hasam berkitdi.

12-nji noýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen maslahata gatnaşan komitetiň 400 töweregi agzasy “taryhy” diýlip häsiýetlendirilen rezolýusiýany kabul edip, onda 68 ýaşly Şini “dolandyryjy” we “halkyň lideri” diýip atlandyrdy.

Bu Şini ozalky uzak wagtlap lider bolan Mao Zedong we Deng Şiaoping bilen bir hatarda goýýar.

Partiýada we ýurduň milli syýasatynda 2012-nji ýyldan bäri agdyklyk edýän Şiniň, geljek ýyl geçiriljek Partiýanyň 20-nji duşuşygynda aňsatlyk bilen üçünji möhlete häkimiýete saýlanjakdygyna garaşylýar.

Ol häkimiýet başyndaky möhletleri çäklendirýän Konstitusiýa girizilen goşmaçalary 2018-nji ýylda ýatyrypdy. Ol mümkin mirasdüşer barada hiç zat ýaňzytmady, şeýle-de onuň 2027-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galjakdygyna garaşylýar.

Onuň häkimiýeti döwri korrupsiýa garşy göreş, repressiw syýasat, şol sanda Şinjiangdaky uýgurlary zor bilen tussag etmek, Tibetde we Hong Kongda basyp ýatyrmak çärelerini geçirmek, şeýle-de kesir daşary syýasaty bilen alamatlandy.

Mundan başga-da, Şi tankydy garaýyşlara çydamsyzlyk görkezýän we garşydaşlaryny basyp ýatyrýan şahsyýet kultuny döretdi.

XS
SM
MD
LG