Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Türki Geňeşiň sammitine ilkinji gezek agza hökmünde gatnaşýar


Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň döwlet baýdaklary. Arhiw suraty.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň döwlet baýdaklary. Arhiw suraty.

12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeş) VIII sammiti geçýär. Geňeşiň ýokary derejeli sammitine ilkinji gezek agza hökmünde gatnaşýan Türkmenistana prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik edýär.

Türk prezidentiniň metbugat gullugy 11-nji noýabrda sammit boýunça çap eden beýanatynda türkmen prezidentiniň duşuşyga gatnaşjakdygyny habar berdi.

Beýanata görä, geňeşiň nobatdaky sammitine Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de synçy agza bolan Wengriýanyň premýer-ministr Wiktor Orban gatnaşýar.

“Türkmenistanyň döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem synçy agza statusy bilen Geňeşe ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistana wekilçilik edip, sammitde orun alar” diýip, sammitden bir gün ozal çap edilen beýanat aýtdy.

Şeýle-de, 2009-njy ýylda esaslandyrylan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi Stambul sammitinde “Türki Döwletleriň Guramasy” adyna eýe bolar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik bitaraplyk statusy ykrar edilen Türkmenistan, synçylara görä, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, birnäçe halkara guramalara, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulmakdan çetde durýardy.

Ýöne Türki Geňeşiň Stambul sammitinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň bu guramadaky täze statusyny yglan etmegine garaşylýan mahaly, Türkmenistanyň Geňeşdäki synçy agza statusy türkmen halky üçin nämäni aňladar? Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Geňeşe agza bolmak barada gelen netijesi onuň “üzňelik syýasatyny” terk etmek ähtimallygyny aňladýarmy?

Merkezi Aziýa boýunça analitik Brýus Panniýer, has ozal, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda geňeşe agzalygyň ykdysady we söwda ugurlary boýunça Türkmenistana bähbit getirip biljekdigini aýtdy. Galyberse-de, analitik Türkmenistanyň geňeşe goşulmak kararynyň türkmen resmileriniň “üzňelik syýasatynyň bähbitlerine” şübheli çemeleşip başlandyklaryny görkezýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Stambulda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy.

Maglumata görä, Meredow mejlisde eden çykyşynda geňeşe gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň başlyklaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geňeşe synçy agza bolmak babatdaky başlangyjynyň goldanylmagynyň ähmiýetini belläpdir.

Beýleki meseleler bilen bir hatarda, Meredow guramanyň çäginde türki halkalaryň medeniýeti we sungaty boýunça edilmeli işleriň ugurlarynyň giňeldilmegini teklip edipdir, galyberse-de, ynsanperwerlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyny nygtapdyr.

Türki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek Türkiýäniň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Galyberse-de, Türkiýe mundan ozal, geňeşe agza Azerbaýjan bilen harby ugurlarda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýygjamlaşdyrdy. Stambul sammitiniň öň ýany, geňeşe agza Gazagystan we Türkiýe bilelikde harby tälim-türgenleşik geçirdi.

Türkmenistan garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişiň dowamynda daşary ýurtlardan satyn alan harby tehnikalaryny, şol sanda Türkiýeden alan “Baýraktar TB2” söweşjeň uçarmansyz uçarlaryny ilkinji gezek köpçülige görkezdi.

Türk mediasyna görä, 12-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda Stambulda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş binasy açyldy. Açylyşa gurama agza ýurtlaryň liderleri gatnaşdy.

Bir gün ozal, Stambulda gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisi bilen bir hatarda, agza ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleriniň hem mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen wekilleri gatnaşmady.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligine görä, has ozal, 1-nji noýabrda Türki Geňeşe agza ýurtlaryň baş prokurorlary Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda duşuşdy Maglumata görä, bu ýygnakda geňeşiň düzüminde Baş prokurorlar şurasy döredildi.

Ýygnaga geňeşiň doly hukukly agzalary bolan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň baş prokurorlary gatnaşypdyr.

Türk synçylary Türkiýäniň “Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň” hem Türki Geňeşe kabul edilmegi ugrunda tagalla edýändigini aýdýarlar. Ýöne gurama agza hiç bir döwlet, şol sanda Türkmenistan Demirgazyk Kipri aýratyn respublika hökmünde ykrar etmeýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türki Geňeşiň Stambul sammitiniň öň ýany, hususan-da sentýabr, oktýabr aýlarynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere türk häkimiýetleri tarapyndan basyşlaryň güýçlenendigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň hökümetiniň Türk Geňeşine goşulmagyň öwezine Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere basyş edilmegini şert goşandygyny ​habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG