Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çeşme: Aşgabat Türki geňeşe agza bolmak üçin, protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagyny talap edýär 


Türkiýedäki aktiwistler çykyşlaryndan soň, ABŞ-da, Demirgazyk Kiprde we Russiýa ýaly beýleki ýurtlarda türkmen raýatlarynyň närazylyk aktlary boldy. 

Bosgunlykdaky belli türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa 29-njy sentýabrda Stambulyň deportasiýa merkezinden boşadyldy. Taganowa 27-nji sentýabrda türk migrasiýa gullugy tarapyndan tussag edilmezinden ozal özüne we türkmen protest hereketiniň beýleki aktiwistlerine edilýän basyşyň artýandygyny habar berdi. Berdimuhamedowyň hökümetine garşy çykýan Türkiýedäki türkmen aktiwistleri şu ýylyň başyndan bäri türk häkimiýetleriniň has agdyk basyşyny duýup başladylar. Azatlygyň çeşmelerinden gowuşýan maglumata görä, bu syýasat Ankara bilen Aşgabadyň arasynda Türkmenistanyň Türk Geňeşine goşulmagy meselesindäki gepleşikleriň bir bölegidir.

Bosgunlykdaky türkmen protest hereketiniň görnükli agzasy Dürsoltan Taganowa 27-nji sentýabrda türk migrasiýa gullugy tarapyndan tussag edildi.

Bu türkmen aktiwistiniň ikinji gezek tussag edilişidi. 2020-nji ýylyň iýul aýynda Stambulda geçirilen demonstrasiýalaryň birinde, ondan gowrak türkmen aktiwisti, şol sanda Taganowa hem tussag edildi. Soňra halkara adam hukuklary guramalary tarapyndan gurnalan kampaniýalar arkaly azatlyga goýberilýänçä, ol üç aý töweregi deportasiýa merkezinde saklandy.

Bu gezek tussag edilen dessine, Stambuldaky deportasiýa merkezine iberildi, ýöne 2020-nji ýylda bir türk kazyýeti Taganowanyň Türkmenistana deportasiýa edilmegini gadagan edipdi, şondan soň ýurduň migrasiýa gullugy oňa wagtlaýyn gaçybatalga statusyny berdi.

27-nji sentýabrdan iki hepde öň habar serişdelerinde, Türkmenistanyň Türk Geňeşi diýlip tanalýan türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşine meýilleşdirilen doly agzalygy barada habar peýda boldy. Türkiýäniň öňki premýer-ministri Binali Ýyldyrymyň degişli beýanaty 14-nji sentýabrda türk we azerbaýjan metbugatynda ýaýradyldy.

“Geljek aýda geçiriljek Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitinde Türkiýe başlyklygy öz üstüne alar we Türkmenistan [Türk Geňeşiniň] doly agzasy bolar" diýip, Ýyldyrym mälim etdi.

Taganowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, tussag edilende özüni we beýleki 25 türkmen aktiwistini tussag etmek hem-de deportasiýa merkezine äkitmek barada, türk häkimiýetleri tarapyndan sebäpleri anyk bolmadyk bir buýrugyň berlendigini aýdypdy.

“Maňa düşündiren zatlary şol, migrasiýa gullugy bir hat ýazypdyr: “şu-şu adamlary deportasiýa lagerine ugratmaly” diýip. Şol sanawda meniň ýaşaýan ýerimde iki sany adamyň ady bar. Umumylykda, olar 25 adam” diýip, aktiwist gürrüň berdi.

Gatnaşyk serişdesi hökmünde, protesti basyp ýatyrmak

Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň maglumatyna görä, Türkiýedäki aktiwistlere edilýän basyşyň ýokarlanmagy Ankaranyň Aşgabady Türk Geňeşine çekmek synanyşygy bilen baglanyşykly diýilýär.

Şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesi bosgunlykdaky, esasan ilkinji nobatda, Türkiýede türkmen raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ýakyn wagtda yzarlanjakdygy barada habar beripdi. Çeşmäniň tassyklamagyna görä, bu mesele Türkmenistanyň Türk Geňeşine doly agzalygy baradaky gepleşikleriň çäginde maslahat edilipdir.

“Soňky bir ýylda Türkiýe Aşgabada Türk Geňeşine girmek üçin edýän basyşyny artdyrdy. Ýöne biziňkiler iň bolmanda nähilidir bir eglişiksiz, bu gurluşa goşulmak islemeýärler. Şu ýylyň başynda türkler Azerbaýjany Hazardaky “Dostluk” gaz ýatagy boýunça Aşgabat bilen şertnama baglaşmaga razy edip, uly sowgat berdiler. Şondan soň biziňkiler gürleşmäge has höwesek boldular, ýöne Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasyndaky nägilelik hereketlerini basyp ýatyrmak üçin, goşmaça şertleri öňe sürdüler. Türkler bu meselede anyk wada bermediler, ýöne aktiwistlere basyş edip başladylar. Aşgabat bu meselede käbir öňegidişligi görüp, [Türk Geňeşine] doly agza bolmaga razy boldy we taraplar [Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp] Erdoganyň awgust aýynda Türkmenistana etjek sapary barada ylalaşdylar” diýip, awgust aýynyň ahyrynda çeşme Azatlyga mälim edipdi.

Geçen tomusda Türkiýe häkimiýetleri Berdimuhamedowyň hökümetine garşy nägilelik bildirmek, diskussiýalary guramak we sosial ulgamlarda tankyt etmek üçin, Stambuldaky türkmen konsullygynyň daşynda yzygiderli ýygnanyşýan Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine basyşy güýçlendirdi. Zähmet migrantlaryndan ybarat Türkiýedäki aktiwistler hereketinden soň, ABŞ, Demirgazyk Kipr we Russiýa ýaly beýleki ýurtlarda hem türkmenistanlylar närazylyk protestlerini geçirdiler.

Taganowa Türkiýede we beýleki ýurtlarda basyş astyndaky türkmen emigrasiýasynyň syýasy taýdan işjeň böleginiň ýeke-täk wekili däl.

Şu ýylyň 1-nji awgustynda türkmen migrantlary Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde ýene bir garşylyk çäresini geçirmäge synanyşdylar. Emma bu synanyşyklar demonstrantçylaryň öz aýdyşy ýaly, "türkmen režimi tarapyndan hakyna tutulan" käbir adamlar tarapyndan zor bilen basylyp ýatyryldy. Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmegini talap edýän protest şygarlary bilen türkmen migrantlary konsullyga barýan ýolda güýçli garşylyga duçar boldular, sagdyn bedenli ýigitler olary ýenjip başlady, netijede, çaknyşyk birnäçe aktiwistiň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy. Bularyň hemmesine syn eden polisiýa işgärleri muňa goşulyşmady.

Protestçileriň biri, blogçy Farhad Durdyýew "režimi goldaýan hakyna tutmalaryň" aldawyna düşüp, olaryň awtoulagyna münüp gidensoň, türkmen konsullygynyň işgärlerine tabşyrylýar we birnäçe sagatlap saklanýar. Soňra Durdyýewiň özi aýdyşy ýaly, konsullygyň sekiz işgäri "Arkadagdan ötünç soramagy" talap edip, ony ýenjip, wideo ýazga geçirýärler.

2-nji sentýabrda türk häkimiýetleri Fransiýadan Stambula gelen Türkmen oppozisiýa hereketiniň "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" lideri Myrat Gurbanowyň ýurda girmegine rugsat bermedi.

Kesgitli çäreler, hatda fiziki zorluga çenli

Azatlygyň çeşmesi şu ýylyň awgust aýynda biz bilen habarlaşanda, türkmen tarapynyň protest hereketiniň iň işjeň wekillerine garşy aýgytly çäreleri görmek üçin şert goýandygyny öňe sürdi.

“Soňra türkler Geňeşe doly agza bolmak üçin, Türkmenistandan takyk razylyk bermegi talap etdiler. Biziňkiler razy boldular, ýöne muny yglan etmäge howlukmadylar. Emma deslapky şertnamany düzmek üçin, biziňkiler türkleriň öz metbugaty arkaly beýanat bermegi bilen ylalaşdylar” diýip, çeşmämiz aýdýar.

27-nji sentýabrda, ýagny Taganowanyň tussag edilen güni Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Türk Geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýygnagyndan soň, Türkmenistanyň Türk Geňeşine doly derejede goşulmajakdygyny, diňe synçy statusynda goşuljakdygyny aýtdy.

Şondan iki gün soň, ýagny 29-njy sentýabrda Taganowa boşadyldy. Görnüşinden, türk tarapy aktiwisti deportasiýa etmegiň başa barmajakdygyna düşünen bolsa gerek, sebäbi Türkmenistandan tapawutlylykda, Türkiýedäki kazyýet garaşsyz we 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda kazyýet onuň deportasiýa edilmegini gadagan edipdi.

Geň tarapy, Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri Aşgabadyň Türk Geňeşine haýsydyr bir derejede gatnaşmak hyýaly barada, häzire çenli bir gezegem söz açman gelýär. Diňe 29-njy sentýabrda Taganowanyň boşadylmagyndan soň, hökümete tarapdar türkmen neşirlerinde, Türkmenistanyň Türk Geňeşiniň noýabr sammitine synçy statusy derejesinde gatnaşjakdygy habar berildi.

“Türkler, azerbaýjanlylar we Geňeşiň beýleki agzalary biziň häkimiýetlerimize yzygiderli basyş edýärler, her dürli höwesleri teklip edýärler we ş.m. Biziňkiler synag ädimini ätdiler – käbir şertlerde giriş mümkinçiligini yglan etdiler. Şertleriň biri Türk Geňeşiniň beýleki agza döwletleriniň çäginde (türkmen) oppozisiýa hereketleriniň öňüni almakdy. Aýratyn haýyş, has dogrusy, hatda talap Türkiýä gönügipdi, olar öz territoriýasyndaky islendik oppozisiýa hereketini basyp ýatyrmalydy. Türkler takyk jogap berip bilmediler – onda gaty köp adam basyş astynda bolmalydy, emma biziňkiler muny talap etdiler. Bu ahyry şeýle derejä ýetip, Erdoganyň we Alyýewiň Türkmenistana etmeli sapary ýatyryldy. Biziňkiler başga-da talaplary tapyp, [Türk Geňeşine] goşulmajakdyklaryny mälim etdiler" diýip, çeşmämiz gürrüň berýär.

Onuň tassyklamagyna görä, awgust aýynyň ahyrynda – sentýabryň başynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlaryndan biri "iş meseleleri boýunça" Stambula gidýär. Çeşmäniň sözüne görä, ol türk hyzmatdaşlary bilen geçirilen duşuşyklarda, iş meselelerinden başga-da, “türkmen emigrasiýasynyň wekillerine” basyş meselesini gozgaýar.

“Beýleki meseleleriň arasynda, türk jenaýatçy toparlarynyň mümkinçilikleri bilen Ýewropadaky birnäçe adamy “jezalandyrmak ”meselesi hem maslahat edilýär. Gürrüň Mätiýew (“turkmen.news” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew - Red.), başga-da bir öňki türkmen çinownigi hakda gürrüň bolýar. Beýleki zatlaryň arasynda güýç ulanmak mümkinçiligi-de maslahat edilýär. Şol güýç ulanmak çäresini Türkiýede ulanmak meselesinde, türkleriň özleri muny islemeýärler, sebäbi türkmen emigrantlarynyň türk häkimiýetleriniň üns merkezinde durýandygyny olar bilýärler" diýip, çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýakyn bir çeşme bilen bolan söhbetdeşligiň 27-nji sentýabrda, ýöne Taganowanyň Stambulda saklanýandygy barada habar berilmezden ozal bolandygyny bellemegimiz gerek.

"Azatlygyň" žurnalisti çeşmäniň sözlerine görä, Stambulda geçirilen işewür toparyň maslahatynda, türkmen prezidentiniň garyndaşy tarapyndan basyş edilmegi haýyş eden öňki türkmen resmisiniň adyny aýdyňlaşdyrdy. Emma Azatlyk bu meselede diňe Ruslan Mätiýewden kommentariýa alyp bilendigi üçin, onuň adyny görkezip, ikinji adamyň adyny aýan etmezlik kararyna geldi.

Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky “turkmen.news” neşiri soňky birnäçe ýylda türkmen prezidentiniň ýakyn garyndaşlary we olaryň millionlarça dollarlyk telekeçilik bähbitleri barada, köp sanly žurnalistik derňewi çap etdi. Mätiýewiň 1-nji oktýabrda Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýdyşy ýaly, žurnalistik derňewleri bilen baglanyşykly oňa eýýäm haýbat atylypdyr.

“Bu maglumatlara näderejede ynanyp boljakdygyny ýa-da ynanyp bolmajakdygyny kesgitläp bilemok. Ýöne muny maşgalanyň wekili, Berdimuhamedowyň garyndaşy aýdan bolsa, diýseň ygtybarly. Biziň alyp barýan işlerimiz bu maşgalanyň ýagdaýyny kynlaşdyryp biler. Ýakyn günlerde olaryň telekeçilik bähbitleri barada ýene bir uly derňewiň çap edilmegine garaşylýar. [Maňa garşy haýbatlar] öň hem bolupdy. Meniň sahypamda “ýurduň içindäki garyndaşlaryň hakda pikir et” diýlen teswir goýuldy. Hakykatdanam, meniň Türkmenistanda garyndaşlarym bar. "Kelläňe kerpiç düşüp biler, maşyn hem kakyp biler ýa-da başga bir zat bolar” diýip, açyk ýazypdyrlar. Elbetde, biziň beýle teswiri çap etmejegimi olar bilýärdiler, bular hut meniň özüme gönükdirilipdi. Bu zatlar golaýda boldy" diýip, Mätiýew aýdýar.

Türkmenistan dürli-dümen mozaikanyň ýetmeýän bölegi

Berdimuhamedow režimi, ýurduň daşynda – uzakda bolaýanda-da, raýat jemgyýetiniň işjeňleşmeginden, özi üçin uly howpy görýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Pannier aýdýar. Hakykatdanam, ýüzlerçe müň işçi migrant ýurt içinde galan maşgalalaryny eklemek üçin, Türkiýede jemlenipdirler. Şoňa görä Aşgabat Ankarany Türk Geňeşiniň doly agzasy edip almak isleginde täze dörän türkmen oppozisiýasyny basyp ýatyrmak üçin peýdalanmak isleýär.

“Türkmen hökümetiniň nukdaýnazaryndan näme üçin beýle etmäge synanyşýandyklaryna düşünmek mümkin. Türkmen talyplarynyň Türkmenistanyň konsullygynyň ýa-da ilçihanasynyň öňünde eden çykyşlary, Türkmenistanyň hökümetiniň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagyna köp ünsi çekýär. Türkmen hökümeti üçin şeýle garaýyş islenilmeýän zat. Onda näme üçin Türkiýe bilen ylalaşyga gitmeli däl? Eger Türkiýe olary Türk Geňeşine çekmek islese, bu olara öz isleýänini gazanmak üçin gowy sebäp. Siz türkmen aktiwistleriniň bize garşy protestler bilen köçelere çykmagyna rugsat bermeseňiz, biz Türk Geňeşine goşulmak barada pikir ederis diýýärler” diýip, Pannier türkmen hökümetiniň garaýşyny düşündirýär.

Bilermeniň pikiriçe, soňky birnäçe ýylda Türk Geňeşi ýuwaş-ýuwaşdan prezident Rejep Taýyp Erdoganyň daşary syýasatynyň esasy özenine öwrülýär.

Türkiýe sebitdäki ösýän güýç hökmünde öz täsirini güýçlendirmek üçin, Türk Geňeşiniň giňelmeginiň möhümdigine ynanýar diýip, Brýus Pannier hasap edýär.

“Soňky ýyllarda Türkiýäniň dünýä arenasyndaky ýagdaýy ep-esli üýtgedi. Aýratyn-da, Daglyk-Garabagdaky [2020-nji ýylyň güýzünde] çaknyşykda, Türkiýe [Azerbaýjany] pilotsyz ýaraglar bilen üpjün edensoň, bu şeýle boldy. Siriýanyň demirgazygynda türk goşunlary ýerleşýär, hatda Demirgazyk Afrika sebitinde-de Türkiýe belli bir çäreleri görýär. Türkiýäniň özüni global oýunçy hökmünde görýändigi äşgärdir. Türkiýäniň başda bolmagyndaky Türk Geňeşini Russiýanyň täsirindäki Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy ýa-da Hytaýyň täsirindäki Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly ýurtlar bilen deňeşdirýär. Erdoganyň başynda durýan Türkiýe özüni täze Osman imperiýasy hökmünde görýär we täsirini giňeltmek isleýär. Şol sebäpden, Türkiýe üçin bu ýurtlaryň ählisini Türk Geňeşiniň agzasy hökmünde kabul etmek möhümdir, hatda Türkmenistany bu gurama goşandy şübheli bolup görünýäni-de özüne birleşdirmek isleýär. Munuň özi kagyz ýüzünde örän täsirli görner. Türkiýe kartany görkezip: "Guramamyzdaky bu ýurtlaryň hemmesine serediň "diýip biler” diýip, Brýus Pannier aýdýar.

Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Bu ähli türki dilli ýurtlary öz içine alýan guramanyň döremegi SSSR-iň dargamagyndan soň mümkin boldy. Bileleşik döredilmeginden ozal köp sanly sammitler geçirildi. Ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Ankarada türki dilli ýurtlaryň sammiti boldy. Onuň inisiatory hökmünde Türkiýäniň şol wagtky prezidenti Turgut Ozal çykyş etdi. Şol sammite ýaňy garaşsyzlyk alan türki dilli respublikalaryň bäşisiniň ýolbaşçylary – Saparmyrat Nyýazow (Türkmenistan), Yslam Kerimow (Özbegistan), Nursoltan Nazarbaýew (Gazagystan), Askar Akaýew (Gyrgyzystan) we Abulfaz Elçibeý (Azerbaýjan) gatnaşdylar.

Ýöne soňlugy bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary Türkiýäniň barha artýan täsirine şübhelenip başladylar hem-de türk dilli blog döretmek pikirinden gaça durdular. Netijede, 2009-njy ýylda, Türk Geňeşiniň döredilmegi yglan edilende, oňa diňe Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe girýärdi.

Türkiýäniň galan iki türki dilli döwleti – Türkmenistany we Özbegistany bu gurluşa çekmek baradaky tagallalary onuň döredilen gününden bäri dowam edýär. Emma Türkmenistan bitaraplyk statusyna salgylanyp, agzalyga girmedi. Öňki prezident Yslam Kerimowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan hem Türkiýä bolan sowuk garaýşyny gizlemedi, Geňeşiň bardygyny ykrar etmedi we ony "haýsydyr bir geňeş" diýip atlandyrdy.

Diňe 2016-njy ýylda Kerimow ölenden soň, açyklyk keşbini döretmek ugrundaky tagallalaryň bir bölegi hökmünde prezident bolup häkimiýete gelen Şawkat Mirziýoýew Özbegistan bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak syýasatyny alyp barmak arkaly 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda, Türk Geňeşine doly hukukly esasda goşulmaga razy boldy. Bu ädim Özbegistanda-da, sebitde-de Mirziýoýewiň ýurtda aç-açanlyk syýasatyny alyp barmak niýetiniň esasy alamatlaryndan biri hökmünde kabul edildi. Türkiýe üçin 35 million ilaty bolan bir ýurduň girmegi, Türk Geňeşiniň täsiriniň ep-esli güýçlenmegini aňladýardy.

Şeýlelik bilen Türkmenistan Türkiýäniň dünýä kartasynda türk ýurtlarynyň dürli-dümen mozaikasyny tamamlamagyna ýol bermeýän ýeke-täk we iň soňky türk dilli döwlet bolmagynda galýar.

Şeýle hem bir möhüm ýagdaýy, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Wengriýanyň 2018-nji ýyldan, Türk Geňeşine synçy hökmünde goşulandygyny bellemelidiris.

Türk Geňeşiniň indiki sammiti 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda, Stambulda geçiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG