Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dissident hudožnigiň Daşkentde açylan sergisi Özbegistandaky ‘syýasy maýylganlygyň' alamatymy?


Suratkeş Şöhrat Babajanowyň 1-nji noýabrda Daşkent galereýasynda öz işine başlan “War on carpet” atly sergisi iki gün dowam etdi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany özbegistanly dissident suratkeşiň Daşkentde geçen sergisinden söz açýar.

Ýigrimi ýyl mundan ozal syýasy basyşlar sebäpli Özbegistany terk eden tanymal özbek suratkeşi Şuhrat Babajanow golaýda Daşkendiň sungat sahnasyna täzeden dolandy.

Suratkeşiň 1-nji noýabrda Daşkendiň Hamar sungat galereýasynda öz işine başlan “War on carpet” (Halyda şekillendirilen uruş) atly sergisi iki gün dowam etdi.

“58 ýaşly Şuhrat Babajanow tanymal suratkeş bolmakdan daşary, eýsem, Özbegistanda henizem gadagan edilýän Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň öňki garaşsyz žurnalistidi. Ol merhum prezident Yslam Kerimowyň döwründe özüniň Sungat akademiýasynyň agzalygyndan çykarylmagyny we Özbegistanyň graždanlygyndan mahrum edilmegini alyp baran žurnalistik işleri bilen baglanyşdyrýar”

Eýsem, ýigrimi ýyl mundan ozal syýasy basyşlar sebäpli ýurtdan giden we soňy bilen ABŞ-nyň raýatlygyny alan dissident suratkeşe öz şahsy sergisine gatnaşmagy üçin Özbebistana girmäge rugsat berilmegi Daşkendiň “maýylganlyk” syýasatyndan habar berýärmi ýa-da bu gury bir şowhunmy?

Mälim bolşy ýaly, Özbegistan ýurduň ilkinji awtoritar prezidenti Yslam Karimowyň döwründe demir ýumruk bilen dolandyrylmakda tankyt edildi. 2016-nji ýylda Karimowyň tarpa-taýyn ölüminden soňra reforma wadalary bilen häkimiýet başyna gelen Şawkat Mirziýoýew ýaňy-ýakynda ikinji möhlete prezidentlik wezipesini eýeledi.

Özbek resmileri döredijilik pozisiýasy özbek hökümetiniň resmi syýasaty bilen mydama ylalaşmaýan dissidentiň sergisini “Mirziýoýew maýylganlygyna” mysal görkezdi. Ýöne käbir synçylar bu ýagdaýy piar, ýa-da şowhun-proýekti atlandyrdy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany özbegistanly dissident suratkeşiň Daşkentdäki sergisinden söz açýar.

Gepleşigimize Pragadan dissident türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Dissident hudožnigiň Daşkentde açylan sergisi Özbegistandaky ‘syýasy maýylganlygyň' alamatymy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG