Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Baýden-Şi wirtual sammitiniň öňýany Taýwan babatynda alada bildirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ Hytaýyň Taýwana garşy dowam etdirýän “harby, diplomatiki we ykdysady basyşlaryna” alada bildirdi. Bu prezident Jo Baýdeniň Hytaýyň lideri Şi Jinping bilen geçirmeli onlaýn sammitinden birnäçe gün öň yglan edildi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýsyň 13-nji noýabrda beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň döwlet sekretary Antoni Blinken Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bilen gepleşipdir.

“Sekretar prezident Baýdeniň prezident Şi Jinping bilen geçirmeli wirtual maslahatyna görülýän taýýarlyklary maslahat etdi. Ol maslahatyň iki lider üçin ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky bäsdeşligi jogapkärçilikli ýagdaýda düzgünleşdirmek, şeýle-de Hytaý bilen umumy bähbitli pudaklarda işleşmek barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýändigini hem belledi” diýip, Praýs aýtdy.

Ol Blinkeniň “ABŞ-nyň Taýwan bogazynda parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagynyň tarapynda uzak wagtdan bäri çykyş edip gelýändigini belläp, şol bir wagtda Hytaýyň Taýwana garşy edýän harby, diplomatiki we ykdysady basyşlaryna alada bildirendigini” hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG