Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ýarany Bannon derňewe garşylyk görkezýär


Stew Bannon
Stew Bannon

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň geňeşçisi Stiw Bannon ýanwar aýynda Kapitoliýde döredilen gozgalaňy derňeýän kongres komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrandygy sebäpli Federal derňew býurosyna (FDB) soraga çagyrylanda Baýdeniň administrasiýasynyň üstünden düşdi.

"Bu dowzahdan beter nädogry iş" -diýip, Bannon 15-nji noýabra FDB-nyhň Waşingtondaky edrasynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Geçen hepdede federal sudy Trampyň 67 ýaşly ýaranyna häkimiýeti äsgermezlik bilen bagly iki aýyplamany öňe sürdi, ýagny soraglara jogap bermek üçin gelmekden ýüz öwürmekde we zerur dokumentleri bermezlikde günä bildirdi.

Ol günäli tapylan ýagdaýynda her bir aýyplama boýunça bir ýyl tussaglyga we jerimä sezewar edilip bilner.

Komitet Trampyň tarapdarlarynyň Jo Baýdeniň 2020-nji ýylyň noýabrynda prezident saýlawynda ýeňiji hökmünde tassyklanmagynyň öňüni almak üçin 6-njy ýanwarda Waşingtonda Kapitoliýa eden hüjümi bilen bagly ýagdaýlara düşünmek üçin Bannonda möhüm maglumatlaryň bardygyna ynanýar.

Bannon, Trampyň administrasiýasynda prezidentiň baş strategiýaçysy we geňeşçisi bolup işledi. Ol 2017-nji ýylda Ak tamdan çykdy.

15-nji noýabrda suduň öňünde çykyş eden Bannon özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyna ynanýandygyny we olara garşy çykjakdygyny aýtdy.

Sud tarapyndan kesgitlenen çäklendirmeleriň bir bölegi hökmünde Bannondan her hepdede bir gezek hasaba durmak, öýünde galmak we Waşingtondan gitmek planlary barada häkimiýetlere habar bermek talap edilýär. Şeýle hem, ol pasportyny häkimiýetlere tabşyrmaly. Bannon 18-nji noýabrda ýene-de suda barar.

XS
SM
MD
LG