Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Berdimuhamedowa sagbol aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberip, ýurduň Owganystandan raýatlary çykarmak işlerine beren ýardamyna sagbol aýtdy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşdan soňra ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň ahyrynda Owganystandan goşun çekdi. Muňa gabat, Günbatar ýurtlary, şol sanda ABŞ Owganystandan öz raýatlaryny çykarmak işlerine bat berdi.

Jo Baýdeniň Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň üstaşyr uçuşa, uçarlara ýangyç guýulmagyna we ýolagçylaryň barmaly ýerlerine äkidilmegine berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirilýär.

ABŞ prezidentiniň Berdimuhamedowa iberen hatynyň senesi aýdylmaýar. Ýöne hatyň türkmen metbugatynda çap edilýän senesi ABŞ senatorlarynyň türkmen prezidentine hat iberip, ondan syýasy tussaglary boşatmagy soraýan wagtyna hem-de ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Türkmenistany din azatlyklary boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşýan wagtyna gabat gelýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti Türkmenistanda ynsan hukuklaryny berk çäklendirmekde, özge pikirleri basyp ýatyrmakda, raýat we syýasy azatlyklary, şol sanda söz we metbugat azatlygyny ýowuz çäklendirmekde tankyt edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG