Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollaryň bahasy oýnaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

22-nji noýabrda Türkmenabatda dollar gara bazarda 23,60 manatdan satyn alyndy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary gara bazardaky dollaryň durnuksyz bahalary barada habar berýärler.

Habarçymyz 19-njy noýabrda Türkmenabatda dollaryň 23,5 manatdan birden 26,5 manada çykandygyny habar berdi. Ýöne aradan üç gün geçenden soň, ikinji habarçymyz sebitde dollaryň satyn alyş nyrhynyň gaýtadan 23,60 manada aşaklandygyny habar berdi.

Habarçymyz gara bazarda dollar satyn alýan adamlaryň köplenç telekeçilerdigini aýdýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

“Ýokarlanan bahanyň özi tas resmi kurs bilen deň” diýip, bir ýerli ýaşaýjy dollar 23,5 manatdan 26,5 manada çykan güni aýtdy.

Habarçymyz dollaryň bahasynyň göterilmegi bilen bahalaryň gaýtadan gymmatlamak ähtimallygy barada ilat arasynda dörändigini habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasyna” görä, 21-nji noýabrda Aşgabatda 23,7 manatdan satyn alyndy we 24,2 manatdan satyldy.

Bir hepde ozal, paýtagtda dollar 23 manatdan satyn alyndy, 23 manat 40 teňňeden satyldy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky ikinji habarçysy welaýat merkezinde hereket edýän gara bazarda 22-nji noýabrda 1000 dollar çalyşmak şerti bilen dollaryň 24 manatdan satyn alnandygyny habar berdi.

Habarçymyz hepdäniň başynda Türkmenabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň şol bir gymmatlygynda saklanyp galýandygyny habar berdi.

“Ýöne adamlar bir zat satjak bolsalar, ‘dollar hem galyp başlady’ diýip, panika düşüp başlaýarlar. Meselem, sementiň bahasynyň haltasy 40 manatdan satylýardy. Ýöne dollar arada iki gün 25 manatdan satyn alnyp başlandy. Sementiň bir haltasynyň bahasy dessine 60 manada çykdy” diýip, walýutanyň gara bazar söwdasyndan habarly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Wagonlap gelen sement dessine satyn alynýar. Pully telekeçiler 500 haltalap satyn alyp goýýarlar, gymmatlansoň satjak diýip” ol sözüne goşdy.

Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Türkmenistan soňky bäş ýyl töweregi wagt bäri ýurduň çäginde walýutanyň erkin söwdasyny berk çäklendirip gelýär. Walýutanyň resmi çalşygynyň çäklendirilmegi bilen, ýurtda gara bazar peýda boldy.

Telekeçiler hususy taraplarda harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň dollaryň gara bazar bahasy boýunça kesgitlenilýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý ilatyň satyn alyjylyk ukyny pese gaçyrýar. Raýatlaryň zähmet haklarynyň walýutadaky möçberi gara bazara görä, resmi kurs bilen deňeşdirilende 6 esse töweregi pes bolýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysady we maliýe kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýar.

Martyň ahyrynda we apreliň başlarynda ýurduň dürli sebitlerinde dollaryň gara bazar bahasy manat garşysynda rekord derejede göterilip, bir dollar 40 manada çenli çykdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň başlarynda ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda we Daşoguzda häkimiýetleriň walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirendigini hem-de munuň netijesinde millionlarça daşary ýurt pulunyň hem-de ýerli puluň ele salnandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG