Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolda bolan waka, ‘satyn alnan bela’, ýa-da durmuş-ykdysady kynçylyklaryň ilata düşýän kölegesi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Maryda bir ýük ulag sürüjisiniň ýaňy-ýakynda başdan geçiren wakalaryna salgylanyp, Türkmenistanda ýönekeý raýatlaryň gündelik durmuşyna barha agram salýan durmuş-ykdysady problemalar barada habar berýär.

“Geçen agşam sagat 10-lardan soň, Baýramaly şa ýolunyň ugry bilen Mary şäherine tarap ýük ulagymda gidip barýardym. [Ýol ugrunda garaşyp duran] bir ýaş gelin elini galgadyp, meni saklady” diýip, bir ýük ulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde söze başlaýar.

Gijäniň garaňkysynda ýola ýeke çykan ýaş gelin ýük ulag sürüjisinden özüni golaýdaky bir daýhan birleşige äkitmegi soraýar.

“Mende hiç hili ‘gara pikir’ ýok” diýip, sürüji gürrüňe dowam edýär.

“Men entek ‘bolýa’, ýa-da ‘ýok’ diýýänçäm ýaňky gelin ýük ulagymyň işigini açdy-da ulagyň gapysyny ýapdy” diýip, sürüji aýdýar.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk we etiki aladalar sebäpli sürüjiniň hem-de ýaş gelniň şahsyýetini äşgär edip biljek maglumatlary aýan etmekden saklanýar.

“Men ‘ýeri bolýar, ugrum Mary şäherine tarap, şonuň üçin alyp gideýin’ diýip, ulagymy sähel sürüp başladym” diýip, sürüji aýdýar.

Ýaş gelin we sürüji gijäniň garaňkysynda gara ýoluň ugry bilen ýük ulagda ýola düşýär. Ýöne aradan sähel salym geçip-geçmänkä, ýaş gelniň özüni alyp barşy sürüjini alada goýýar.

“Sakla ulagyňy” diýip, ýaş gelin birden ýük ulag sürüjisine hemleli seslenýär.

“Sakla ulagyňy. Sen meni zorlajak bolduň! Maňa 400 manat pul bermeseň, men häzir eşigimi ýyrtyp, gygyrmaga başlajak” diýip, ýaş gelin sürüjä duýduryş berýär. Sürüji özünde hiç hili bet niýetiň bolmandygyny, hiç zat ýok ýerden özüne töhmet atylandygyny aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu wakany ýük ulag sürüjisiniň wersiýasy boýunça habar berýär hem-de bir polisiýa işgärine salgylanýar.

Habarçymyza garaňky gijäniň ýolagçysy bilen gürrüňdeş bolmak başartmady, ýöne ýerli polisiýa işgäri soňky aýlarda şeýle gelinleriň köpelýändigini, olaryň arasynda ten söwdasy bilen meşgullanýanlarynyň hem bardygyny aýdýar.

“Ýoluň ugrunda polisiýanyň posty göründi. Men ilki bu gelni eltip polisiýa tabşyrmak kararyna geldim, ýöne soň pikir etdim: ‘men muny tabşyrsam, onsoň meniň özümi günäkärleseler näme ederin’ diýip, oýlandym. Sebäbi birinjilik bilen ‘seniň ýük ulagyňda gelin näme işleýär’ diýseler, men näme jogap bermeli” diýip, sürüji pikir ýöredýär.

“Men ýük gatnadýan, adam gatnadamok” diýip, sürüji esli wagtlap, özüniň ýaş gelne ýalbarmaly bolandygyny aýdýar.

Sürüji bu wakadan soň öz ýanynda bar bolan pullarynyň ählisini, bölek-büçegine çenli ýygnap, ýolagçy gelne bermeli bolupdyr.

“Düşün. Mende başga pul ýok. Men ýöne bir sen ýolda, sowukda üşäp durma diýip ulagyma aldym” diýip, ýük ulag sürüjisi ýolagça ýüzlenipdir.

“Çynymy aýtsam, meniň gözüme pul görünmedi. Sag-aman düşürsem razy boldum. Zordan ol gelni düşürdim” diýip, sürüji habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sürüji ýol gözegçiligi gullugynyň postundan sähel geçip, ulagyny saklaýar we ulagdan düşüp, özüniň ýol polisiýasy bilen salamlaşandygyny aýdýar.

“Polisiýa meni saklamady, ýöne men şonda-da durdum. Baryp polisiýa bilen salamlaşdym welin, gaýtam, polisiýanyň özi ‘ýaňky gelinden gutuldyňmy’ diýdi. Menem ‘hawa bir belalara duşdum’ diýdim” diýip, sürüji gürrüň berýär.

“Biz bulary tutup polisiýa edarasyna-da äkidip gördük. Yz ýany ýene ýolda. Hukuk goraýjylaryň biri bulara arka çykýan bolaýmasa’ diýip, kanun goraýjy işgär ýük ulag sürüjisine gürrüň beripdir.

Ýük ulag sürüjisiniň polisiýa salgylanyp, gürrüň bermegine görä, soňky wagtlarda hususy kiçi awtobuslara, taksilere münüp, soňra-da ‘pulum ýok’ diýip, pul tölemän, düşüp gidýän adamlar bar.

“Baýramaly şäheriniň içinde-de şonuň ýaly, pullary bolman, ýöne uzak aralyga-da ýöremejek bolup, taksi saklap, soň barmaly ýerlerine baranlaryndan soň hem ‘pulum ýok’, ýöne ‘sag bol, Taňry ýalkasyn’ diýip düşýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Baýramaly şäherinde taksiçilik bilen meşgullanýan beýleki bir sürüjiniň sözlerini getirdi.

“Awtobus gatnawlary bes edilensoň, adamlaryň taksä bermäge ýagdaýy bolman, her hili aldaw ýoluny gözlemeli bolýarlar” diýip, taksi sürüjisi aýtdy.

Ýurtda ykdysady krizis, galyberse-de häkimiýetler tarapyndan boýun alynmaýan pandemiýa we onuň getiren çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýönekeý raýatlaryň gündelik duçar bolýan kynçylyklary, barha ýitileşýän durmuş krizisi, artýan jenaýat hadysalary, ýygjamlaşýan ogurlyk wakalary, talaňçylyk we beýleki sosial problemalar barada yzygiderli habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG