Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Özüňizi oňarmaýan bolsaňyz öläýiň": Garyplyk sebäpli dilegçilik etmäge mejbur bolan adamyň kyssasy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň we koronawirus ýokanjynyň Mary welaýatynda ilata agyr zarba urýandygy, munuň sosial problemalary barha ýitileşdirýändigi barada Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berýär. Bu problemalaryň arasynda zibil dörýän, dilegçilik edýän we öýsüz adamlar köpelýär.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy ykdysady we saglyk krizisiniň getiren çökgünligine sezewar bolup, öýsüz galan we dilegçilik etmäge mejbur bolýan adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Azatlyk şol adamlaryň biriniň başdan geçirenleriniň kyssasyny size ýetirýär.

"Men hemişe munuň ýaly gedaýçylyk edemokdym. Menem gowy günde ýaşap gördüm. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýollar ýapylyp, biznesler durandan soňra, işsiz, gazançsyz galdym. Iş gözläp müň gapyny kakdym, ýöne netije bolmady" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Geldi diýlip tutulmagyny soran, dilegçilik edýän maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Ol özüniň we maşgalasynyň halys garyp düşjekdigine düşünende, öz jaýyny satyp, "resmilere para berip", Türkiýä gitmäge synanyşandygyny, ýöne ýollaryň ýapykdygy sebäpli gidip bilmändigini hem aýtdy.

Ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, daşary ýurtlara uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň martynda ýatyrdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň getiren saglyk krizisi bilen utgaşyp, has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi.

Soňky aýlarda ýurtda işsizlik, habarçylarymyzyň sözlerine görä, görnetin möwjeýär, dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar köpelýär. Ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar hem artýar.

"Pul bolsa gözi ýok diýlişi ýaly, jaýyň puly hem gutardy. Şondan soňra biz hem pulsuz, hem-de öýsüz galdyk. Jaý kireýimizi töläp bilmedik. Men gedaýçylyga başladym. Şu günler biz Mary şäherindäki "Galkynyş" bazarynda dilegçilik edýäris. Gijelerine bazarda durýan uly ýük ulaglaryň aşagynda ýatyp turýarys" diýip, dilegçilik edýän Geldi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, karantin çäklendirmeleriniň çäginde şäheriň beýleki bazarlary we dükanlary ýapylansoň, ol we onuň ýaly başga-da onlarça dilegçi diňe "Galkynyş" bazarynda üýşýär.

Ýöne ol häzir polisiýa işgärleriniň özlerine bu bazarda hem dilegçilik etmäge rugsat bermeýändigini, özleriniň köplenç polisiýa bölümlerine alnyp gidilýändigini belleýär.

"Bizi polisiýa bölümlerine eltenlerinde, biz hiç hili adam ornuna goýmaýarlar. Biz bir zat aýtjak bolsak, hatda näme diýjek bolýanymyza hem gulak asman, "Ýuwaş, geplemän dur, häzir agzyňy owradaryn" diýen ýaly sözleri gaty köp ulanýarlar. Olar bize "Özüňizi oňarmaýan bolsaňyz öläýiň" diýýärler" diýip, Geldi sözüni jemledi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi we giň ýaýran koronawirus ýokanjyny, şeýle-de bularyň ilaty “açlyk” derejesine elten täsirlerini boýun almaýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar býurokratik bökdençlikler sebäpli işsiz raýatlaryň, maddy goldawa mätäç maşgalalaryň döwletden kömek puluny hem alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkiýede, ABŞ-da we Ýewropa döwletlerinde berk karantin çäklendirmeleri döwründe işsiz we gazançsyz galan ilata döwlet tarapyndan maddy ýardam berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG