Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ownuk ogurlykda iş kesilýän adamlara türme tussaglygyna derek, administratiw temmi bermek soralýar


Türkmen türmesi. Illýustrasiýa.
Türkmen türmesi. Illýustrasiýa.

Türme ilatynyň sany boýunça dünýäde iň öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda jenaýat hadysalary artyp, “türmeler dolýan mahaly”, şol bir wagtda, ýurtda täze türmeler açylyp, işe girizilýän wagtynda, ownuk ogurlykda iş kesilýän adamlara tussaglyga derek, administratiw temmi bermek soralýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýüze çykýan ogurlyk we talaňçylyk ýaly hadysalar barada habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy ilat arasynda mätäçlikden ýaňa ownuk şahly mallary, şol sanda geçileri, ýa-da ulag tekerlerini we adamlaryň el telefonlaryny ogurlamak ýaly hadysalaryň artýandygyny, öýlere ogurlyga girilýändigini, galyberse-de, mätäçlikden ten söwdasyna baş goşýan adamlaryň köpelýändigini habar berýär.

Farap etrabynyň polisiýa edarasynyň jenaýat agtaryş bölüminiň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda sebitde ogurlyk boýunça arzalaryň sanynyň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende “görlüp-eşidilmedik derejede” ýokarlanandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ogurlyk babatdaky şikaýat arzalary bilen bir hatarda ogurlykda ele salynýan adamlar, üsti açylýan ogurlyk hadysalary hem köpelýär.

“Öýlere ogurlyga girip, ele salnan adamlar çagalarynyň açdygyny aýdyp, özleriniň günäleriniň geçilmegini hem-de özleriniň iş bilen üpjün edilmegini soraýarlar” diýip, kanun goraýjy edaralardaky çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Çeşmäniň sözlerine görä, şu günler Lebap sebitinde ýerli ýaşaýjylar etrap kazyýetlerine we beýleki kanun goraýjy edaralara hat iberip, ýurduň türmelerinde tussag sanynyň köpelmegine alada beýan edýärler.

Çeşme raýatlaryndan kazyýetlere gowuşýan açyk hatlara salgylanyp, olarda türmeleriň ilat sanynyň bolmalysyndan 3,5 esse köpdügi barada maglumatlaryň bardygyny aýdýar.

Ýurt raýatlary özleriniň häkimiýetlere iberýän hatlarynda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sanynyň azaldylmagyny, jenaýatlaryň azaldylmagyny soraýarlar.

“Ownuk ogurlykda ele salnan adamlara türme tussaglygyna derek, administratiw çäreleri görmek soralýar” diýip, kanun goraýjy edaralardaky çeşme ilatdan gowuşýan arzalara salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan halkara hasabatlarda türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. World Prison Brief neşiriniň soňky hasabatyna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän tussag sany boýunça dünýäde ABŞ-dan we Ruwandadan soňra üçünji orunda durýar. Hasabat Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adamyň türmede saklanýandygyny aýdýar.

Neşir bu hasabaty taýýarlamak üçin "Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkeziň" sanlaryny ulanypdyr. "Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkez Türkmenistanda ýurt boýunça 35 müň tussagyň türmede saklanýandygyny çaklaýar.

Ilat sanyna görä tussag sany hasaplanylanda Türkmenistanyň umumy ilatynyň sany, BMG maglumatlaryna esaslanylyp, 6 million adam töweregi hökmünde kabul edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir hukuk goraýjy ofiseriň sözlerine görä, Türkmenistanda 17 sany jeza beriş we düzediş edarasy bar. Olaryň on sekizinjisi ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň çäginde gurlup, işe girizilipdir.

“35 müň diýilýän resmi sandan birnäçe esse has köp bendi türmede saklanýar” diýip, hukuk goraýjy edaralardaky ofiser Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden kommentariý alyp bilmedi. Çeşme Lebapda soňky açylan türmäniň müňlerçe tussaga niýetlenendigini aýdýar. Ol 80 gektar töweregi meýdany eýeleýän ekeni.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi ogurlykda iş kesilýän adamlara jerime, düzediş işlerinde işletmek, ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýaly jezalary göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG