Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “YD-H” toparynyň üç liderini global terrorçy hökmünde häsiýetlendirdi


"Yslam döwleti" ekstremistiki toparynyň Owganystandaky şahamçasynyň jeňçileri (arhiw suraty)
"Yslam döwleti" ekstremistiki toparynyň Owganystandaky şahamçasynyň jeňçileri (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň Owganystandaky şahamçasynyň üç liderini global terrorçy hökmünde häsiýetlendirendigini mälim etdi.

Döwlet departamenti 22-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda “Yslam döwleti – Horasan welaýaty” toparynyň üç agzasyna Aýratyn Howply Global Terrorizmi aktyna laýyklykda bu häsiýetlendirmäniň berlendigini aýtdy.

Ol başga-da ýene bir adama Owganystandaky “Yslam döwleti – Horasan welaýaty” toparyna hemaýat berendigi üçin ABŞ-nyň Maliýe departamenti tarapyndan sanksiýa girizilendigini belledi.

“Owganystanyň nobatdaky gezek halkara terrorizmiň platformasyna öwrülmeginiň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, Birleşen Ştatlar terrorçylyga garşy bar bolan serişdeleriniň ählisini ulanyp... ‘Yslam döwleti – Horasan welaýaty’ toparynyň abandyrýan howpuna garşy göreşer” diýip, Döwlet departamenti nygtady.

Global terrorçy hökmünde häsiýetlendirilenleriň arasynda “Yslam döwleti – Horasan welaýaty” toparynyň “häzirki baş emiri” diýlip atlandyrylan, Şahab al-Muhajir ady bilen hem tanalýan, Sanaullah Ghafari hem bar.

XS
SM
MD
LG