Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň delegasiýasy bilen duşuşdy


Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir.

22-nji noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda türkmen tarapyna, ýurduň syýasy durmuşynda barha köp roly oýnaýan, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Hytaýyň delegasiýasyna HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen başlyklyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bir hatarda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir. Energiýa Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesidir.

Maslahatyň jemleri boýunça bilelikdäki ençeme dokumente gol goýuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG