Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG türkmen häkimiýetlerini ýurtda COVID-19-y ýüze çykarmak boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) saglyk ulgamlaryna taýýarlygy güýçlendirmek boýunça missiýasy Türkmenistana iş saparyny tamamlap, türkmen häkimiýetlerini ýurtda COVID-19-yň bardygyny ýüze çykarmak boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy. Şeýlelik bilen, BSG-niň wekiliýeti Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine soňky bir aýda indi ikinji gezek aç-açan şübhe bildirdi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň ýurtda wirusyň nobatdaky tolkunyny döretmeginden alada edip, onuň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirmäge çalyşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi habar berýär.

29-njy noýabrda BMG-niň websaýtynyň Türkmenistan bölüminde çap edilen maglumata görä, BSG-niň köp ugurly bilermenler topary, pandemiýa sebäpli ýüze çykan global adatdan daşary ýagdaý sebäpli saglyk ulgamynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistana bir hepdelik saparyny tamamlady.

BSG-niň Ýewropada adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory we guramanyň Türkmenistana sapar eden missiýasynyň başlygy doktor Dorit Nitzan ýurtda COVID-19-yň bardygyny ýüze çykarmak üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

“Gaýtawul bermegiň goşmaça gurallaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýändigi üçin [wirus] hadysalary barada wagtynda habar berilmegi hökmanydyr: kontakty gözlemek; karantin; ýeterlik ideg we hadysany dogry dolandyrmagy üpjün etmek; çäreleriň epidemiologiki ýagdaýa uýgunlaşmagy; gözegçilik we test. Bularyň hemmesi jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýär we aç-açanlyga esaslanýar" diýip, Nitzan aýtdy.

Ýatlatsak, BSG-niň wekili Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine noýabryň başynda hem açyk ýagdaýda şübhe bildiripdi.

“COVID-19 pandemiýasy eýýäm iki ýyl wagt bäri dünýäde ýaýraýar. Ylmy nukdaý nazardan Türkmenistanda wirusyň ýokdugyny göz öňüne getirmek kyn” diýip, BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş ofiseri Ketrin Smollwud BBC beren interwýusynda aýtdy.

Bellesek, Smollwud 2020-nji ýylda BSG-niň Türkmenistana sapar eden toparyna ýolbaşçylyk edipdi. Şol pursat, bilermen türkmen häkimiýetlerini ýurduň çäginde koronawirus bar ýaly hereket etmäge çagyrypdy.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgärleri wirusyň ýurduň tas ähli künjegine ýaýrandygyny we oňa ýolugýanlaryň hem-de ondan ölýänleriň gündelik sanynyň onlarçadygyny şu ýylyň tomsunda ençeme günläp habar berdiler.

Türkmen metbugatynda BSG-niň missiýasynyň pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistana eden ikinji saparyndan soň ýaýradan beýanaty we eden çagyryşy barada hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Ýöne TDH 30-njy noýabrda "BMG-niň maglumat-wagyz kampaniýasy" sözbaşy bilen diňe rus dilinde maglumat çap edip, "BMG-niň guramalarynyň COVID-19 pandemiýasy barada jemgyýetde habarlylygy ýokarlandyrmak üçin" ýörite kampaniýa başlandygyny habar berdi.

Bu habarlaryň arasynda, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň ýurtda wirusyň nobatdaky tolkunyny döretmeginden alada edýändigini habar berýär.

"Häkimiýetler wirusyň dördünji tolkunynyň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirmäge çalyşýarlar. Kowid topary howa ýollarynyň, serhet we ýük geçelgeleriniň işini täze tertipde düzmegi planlaşdyrýar. Geçen, "Delta" ştamy agyr geçendigi sebäpli Aşgabat resmileri wirusyň täze, omikron görnüşi gelen ýagdaýynda näçe adam we maddy ýitginiň boljakdygyny pragnoz edýärler" diýip, çeşmämiz 1-nji dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri global pandemiýa sebäpli daşary döwletlerde galan türkmenistanlylary ýurda getirmek tagallalaryny hem wagtlaýyn togtatmagy planlaşdyrýar.

"Türkmen raýatlaryny ýurda getirmek boýunça uçar gatnawlaryny dekabryň 25-nden başlap 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli togtatmak barada maslahat edilýär. Belki, 2022-nji ýylda daşary döwletlere hiç bir ýolagçy uçary uçmaz ýa-da ýurda gonmaz. Sebäbi türk, rus, özbek we gazak döwletlerinden gelýän raýatlarymyzyň wirus daşaýjylarydygyna ynanylýar" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Bir hepde öň günorta Afrikada ýüze çykarylandygy habar berlen omikronyň alymlar tarapyndan bellige alynmazyndan öň, şondan bäri toplanýan subutnamalara görä, azyndan 20 ýurtda bolandygy aýdylýar.

Bu aralykda, dünýäniň onlarça ýurdy günorta Afrika döwletleri bilen aradaky uçar gatnawlaryny gadagan edeninden soň, BSG "giň syýahat gadaganlygynyň" koronawirusyň omikron görnüşiniň halkara derejesinde ýaýramagynyň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG