Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýa liderine hüjüm etmekde güman edilýän adam saklandy


Ömürbek Tekebaýew we Sadyr Žaparow
Ömürbek Tekebaýew we Sadyr Žaparow

Paýtagt Bişkekde oppozisiýa lideri Ömürbek Tekebaýewe hüjüm edenleriň arasynda bolmakda güman edilýän bir adam tussag edildi.

Bişkek şäher polisiýa bölüminiň 2-nji dekabrdaky maglumatyna görä, güman edilýän adam öten agşam saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Beýanatda ady aýdylmadyk adamyň Tekebaýewe degişli mobil telefony gaýtaryp berendigi, ol telefonyň eýesinden hüjüm wagtynda alnandygy aýdylýar.

1-nji dekabr güni näbelli adamlaryň topary “Ata Meken” partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýewe “Otel parky” restoranynda oturan wagtynda hüjüm etdi.

“Garaşylmadyk ýerden atletleriňkä meňzeş beden gurluşly adamlar geldi. Biraz soň biz olaryň 70 töweregi adamdygyny gördük. Olar: “Näme üçin asudalygy bozýarsyňyz? Näme üçin MSK-nyň ýanynda miting geçirýärsiňiz?" diýip soradylar we men jogap berip ýetişmänkäm urdular” diýip, Tekebaýew gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, restorana gelen adamlar oňa “köçä çyk, şol ýerden seni maşyna basyp, bir ýere äkidip, açylyşaly” diýýärler. Olaryň baştutany Tekebaýewe ýüzlenip: "Saýlawlar gutardy, boýun alyň, siz utuldyňyz, biz ýeňiş gazandyk, siz ýaşlara ýol bermeli" diýýär.

Tekebaýew we onuň partiýasynyň agzalary, beýleki ýüzlerçe oppozisiýa syýasatçysy bilen birlikde, 28-nji noýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine we sesleriň sanalmagynda ýol berlen gaplpyklara garşy Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňünde ýygnanyp, protest bildiripdiler.

Ejir çekeniň sözlerine görä, hadysanyň bolan ýerine barha kän adam ýygnanyp başlanda, hüjümçiler gorkup gaçýar. Tekebaýew bu hüjümi öz syýasy işleri bilen baglanyşdyryp, ony syýasy terror hökmünde häsiýetlendirdi.

Tekebaýewiň tarapdarlary Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň binasynyň golaýynda protest bildirip, hüjümçileri tapmagy we jogapkärçilige çekmegi talap etdiler.

Hökümetiň metbugat sekretary Erbol Soltanbaýewiň öz “Facebook” sahypasynda ýazmagyna görä, Ömürbek Tekebaýewe edilen hüjüm baradaky maglumat bada-bat ýurduň prezidentine ýetirildi we Sadyr Žaparow IIM-e syýasatça hüjüm eden adamlary derrew tapmagy tabşyrdy.

“Döwlet baştutany Içeri işler ministrligine ähli ýagdaýlary öwrenmegi, şahsyýetleri anyklamak we degişli çäreleri görmek üçin düýpli gözleg işlerini geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de ol, käbir güýçleriň bu bolan wakalary öz maksatlary üçin ulanmaga synanyşmak ähtimallygyny aradan aýryp bolmajakdygyny belledi” diýip, Soltanbaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG