Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden, Putin gelýän hepde Ukraina we beýleki meseleler barada maslahat eder


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň lideri Wladimir Putin, Ženewa, 16-njy iýun, 2021
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň lideri Wladimir Putin, Ženewa, 16-njy iýun, 2021

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň lideri Wladimir Putin Ukrainany we beýleki temalary ara alyp maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabrda, ygtybarly wideo aragatnaşygy arkaly maslahat eder diýip, Ak tam we Kreml tassyklady.

Wirtual duşuşyk, Waşington bilen Kiýewiň aýtmagyna görä, Moskwanyň günbatar Orsýetde tanklar we agyr ýaraglar bilen birlikde, on müňlerçe esger toplamagy we ýanwar aýynyň başynda Ukraina hüjüm etmek ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda geçirilýär.

"Prezident Baýden ABŞ-nyň rus harbylarynyň Ukrainanyň serhedindäki hereketleri bilen baglanyşykly aladalaryny nygtar we Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny gaýtadan tassyklar" diýip, Ak tam 4-nji dekabrda aýtdy.

Şeýle-de, iki lider bir topar meseläni, şol sanda strategiki ýadro ýaraglary, kiber hüjümleri we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşar diýip, Ak tam aýtdy.

Şu hepdäniň başynda Putin Ukrainanyň NATO agzasy bolmak ähtimallygy meselesinde Orsýetiň "gyzyl çyzyklarynyň" bardygyny ýene-de bir gezek gaýtalady we Günbataryň Kiýewi ýarag bilen üpjün etmeginden we Gara deňizdäki harby türgenleşiklerinden alada bildirdi.

Kreml rus lideriniň Baýden bilen söhbetdeşlik wagtynda NATO-nyň Ukraina tarap giňelmeginiň öňüni alýan borçlandyryjy kepillikleri almaga çalyşjakdygyny aýtdy. Waşington Russiýanyň ultimatumlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG