Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Putiniň dostluk goldawymy?" "Tokaýewiň maşgalasynyň emlägi" hakda Nawalnyý toparynyň derňewleriniň awtorlaryndan biri bilen gürrüň


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Omskide geçen duşuşykda. 2019-njy ýylyň 7-nji noýabry.

Rus derňewçisi Georgiý Alburow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, "Gazagystanyň prezidentiniň maşgalasyna degişli maglumatlaryň ýok edilmeginiň maksady bize düýbünden düşnüksiz" diýdi. Ol Russiýanyň gozgalmaýan emläk sanawyndaky maglumatlaryň, şol sanda Kasym-Žomart Tokaýewiň öňki aýalynyň hem oglunyň emläkleri baradaky maglumatlary "arassalamak" baradaky täze derňewiň awtorlaryndan biri.

Rus oppozisiýa syýasatçysy we korrupsiýa garşy göreşiji Alekseý Nawalnynyň toparynyň agzalary 2-nji dekabrda “Putin kimi gizleýär? ‘Döwlet syrlaryny’ açýarys” diýen at bilen täze barlaglary çap etdiler. Ol dokument Rosreýestriň, ýagny Russiýanyň hasap ýazgylarynyň maglumatlaryna bagyşlanýar.

Derňewçileriň tassyklamagyna görä, 2019-njy ýylyň aprelinden bäri gozgalmaýan emläk baradaky Russiýanyň federal maglumatlar bazasyndan ýüzlerçe at we obýekt, şol sanda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň öňki aýalynyň we oglunyň Moskwadaky "saýlama kwartiralar" baradaky maglumat ýok edilipdir.

Nawalnyý toparynyň derňew bölüminiň işgäri Georgiý Alburow ol iş barada Azatlyk radiosyna interwýu berdi.

"ÝÜZLERÇE MILLION RUBLA DURÝAR"

Azattyk: Siz täze gözlegleriňizde, Gazagystanyň prezidentiniň syrlaryny açaýan ýaly?

Georgiý Alburow: Hawa, bu hakykat. Emma biz muny etmegi meýilleşdirmändik. Ilki bilen Rosreýestr – hasap ýazgysyndan öçürilen maglumatlary gözlemäge başladyk. Şol ýerde rus FSB agentlerini, wezipeli adamlary, [oppozisiýa lideri Alekseý] Nawalnyny zäherleýjileri görüp bilersiňiz (2020-nji ýylda A. Nawalnynyň ‘Nowiçok’ nerwä täsir ediji serişde bilen zäherlenmeginde, Russiýanyň ýörite gulluklary sebäpkär diýilýär – Red.). Biz birdenem, olar bilen birlikde Gazagystanyň prezidentiniň maşgalasyny tapdyk.

Azattyk: Siziň çaklamalaryňyza görä, näçe maglumat ýok edilipdir?

Georgiý Alburow: Ýüzlerçe obýekt we ýüzlerçe olaryň eýeleri barada gürrüň gidýär. Russiýada Rosreýestr hasap ýazgylary boýunça arassalanma bolup geçýär, umuman alanyňda, žurnalistik derňewleri geçirmek mümkin bolan ähli maglumatlar arassalanýar. Muňa [baza] Gazagystanda näme diýilýändigini bilemok. Ýöne, gödek aýdylanda, ol gozgalmaýan emlägi, ähli eýeçilikleri, kärende tölegleri, ýer ýa-da jaý meýdanlary, olaryň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlary öz içine alýan sanaw bolmaly. Bilýärsiňizmi, ol ýer kitapçasy ýaly.

Azattyk: Prezident Tokaýewiň garyndaşlaryna degişli gozganmaýan “elit emläk” barada has giňişleýin aýdyp bilersiňizmi? Ol haçan satyn alyndy? Näçä durýar?

Georgiý Alburow: [Prezidentiň ogly] Timur Tokaýewiň kwartirasy bar, onuň meýdany 200 inedördül metr, Hamownikide ýerleşýär. Ol Moskwanyň iň gymmat ýerlerinden biridir. 2010-njy ýylda satyn alnypdyr. Dogrusy, şular ýaly ýagdaýlarda çykdajy elmydama ýüzlerçe million rubla gidýär.

Ikinji kwartira Nadežda Dawydowna Tokaýewa degişli, meniň düşünişime görä, ol prezidentiň öňki aýaly. Jaý 2003-nji ýylda satyn alynýar, meýdany 170 metr, Moskwanyň merkezinde ýerleşýär. Ol alleýa “Posledniý” diýilýär. Indi ol kwartira hem ýüzlerçe million rubla durýar.

Tokaýewiň oglunyň hem öňki aýalynyň Moskwa kwartiralary ýaşyrylypdyr. Näme üçin?

Dogrymy aýtsam, men gazak syýasatyna çuň aralaşmadym, onsoňam men olar hakda az zat bilýän. Ýöne Russiýa barada aýdylanda, mysal üçin, bir wezipeli adamyň deklarasiýasyny açyp, onuň näçeräk gazanýandygyny, onda nämeleriň bardygyny, girdejisi näçe, transportyny görmek mümkin. Elbetde, Russiýada bir resmä degişli ýüzlerçe million rubla durýan şeýle gymmat bahaly gozgalmaýan emlägi tapanymyzda, onuň salgyt beýannamasyna hiç wagtda gabat gelmeýändigini görýäris. Ýagny, şeýle gozgalmaýan emlägi derňänimizde, elmydama käbir korrupsiýa wakalary hakda aýdýandygymyz aýdyňdyr.

Rublýowkadaky iň kaşaň jaýlaryň kime degişlidigi barada men köp gözleg geçirdim. Bu, umuman, Russiýada asla iň gymmat [gozgalmaýan emläk]. Şol emlägiň köpüsi 70 ýaşly nämälim aýallara degişlidir. Öňki däp-dessurlara görä, hemme zadyň sizde-de şeýleräk bolýandygyna şübhelenemok.

Azattyk: Siziň pikiriňizçe, Russiýa hasap ýazgylaryndan, ol maglumatlar haçan öçürilendir?

Georgiý Alburow: Şol obýektler üçin 2019-njy ýylyň birinji ýarymyndan başlap, ýazga geçiren dokumentlerimiz bar. Häzir 2021-nji ýylyň aýagy. Ol maglumatlar Russiýanyň FSB ofiserleri we işgärleri barada örän köp sanly [dokumentler] bilen birlikde, soňky iki ýarym ýylyň içinde ýitirim boldular. Rosreýestrde ýaşyryldy. Ýöne olaryň bir aý öň aýrylan bolmagy-da mümkin. Bizde diňe olaryň bolandygy hakda maglumat bar hem olaryň ýokdugy hakda. Şol aralykda bary ýitirim edilipdir.

"OGURLAMAK, MAÝAMA GITMEK, ÝENE-DE MOSKWADAN BIR ZATLAR SATYN ALMAK"

Azattyk: Tokaýewiň maşgalasyna degişli maglumatlara näme üçin gizlinlik girizilendir diýip pikir edýärsiňiz?

Georgiý Alburow: Bu gaty gowy sorag, sebäbi galan adamlar üçin biziň düşündirişimiz taýýar, olaryň käbiriniň FSB işgärleri bolandygyny aýdyp bilýärdik, Amerikanyň ýörite gulluklary tarapyndan gabawa düşmezlik howpy babatyndan, olary goraýardylar, muny sebäp edip görkezip bolar. Ýöne Gazagystanyň prezidentiniň maşgalasyna degişli maglumatlaryň ýok edilmeginiň maksady bize düýbünden düşnüksiz. Munuň [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň haýsydyr bir dostlukly goldawy bolmagy mümkin. Elbetde, Gazagystanyň prezidentiniň gozgalmaýan emläginiň bardygyny bilýär.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ikiçäk duşuşygy. 2019-njy ýylyň noýabry.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ikiçäk duşuşygy. 2019-njy ýylyň noýabry.

Azattyk: Gazagystanyň beýleki ýokary derejeli işgärleriniň emlägi Rosreýestrde bellenipmi? Belki, öňki prezident Nazarbaýew ýa-da onuň maşgala agzalary ýa-da Gazagystanyň Russiýadaky öňki ilçisi Imangali Tasmagambetow bardyr?

Georgiý Alburow: Nazarbaýewiň bardygyny men takyk bilýärin, ol barada birzatlar tapypdym. Ýöne ýene-de bir gezek, men gazak syýasatyna çuň aralaşmadym. Eger Nazarbaýewden ýa-da Tokaýewden başga käbir syýasatçylaryň atlaryna tötänleýin duşan bolsam-da, hiç kimi tanamaýanym üçin, olary duşumdan geçirdim. Ýöne gozgalmaýan emläkleriň köpdügine ynanýaryn. Diňe munuň bilen düýpli gyzyklanmak gerek, şonda köp täsin zatlary tapyp bolardy.

Azattyk: Maglumatlar bazasynda beýleki prezidentleriň, ähtimal, Merkezi Aziýanyň ýa-da GDA-nyň obýektleri göze ilmedimi?

Georgiý Alburow: Moskwada bolanymda, Maýdandan soň (2013–2014-nji ýyllarda Ukrainadaky rewolýusiýa – Red.) Russiýadan gaçyp gelen Ukrainanyň öňki liderlerine degişli tapan zatlarymyň bardygyny takyk bilýän. Elbetde, öňki sowet ýurtlarynyň beýleki prezidentlerindenem bar. Sebäbi Moskwa şeýle dartyş merkezi. Ol ýere pul sowmak üçin gelýärler. Bu ýerde Russiýada ogurlamagy, soňra-da Maýama gitmegi halaýarlar. Maýama gitmek üçin, öňki sowetler giňişligindäkiler ogurlamagy we Moskwadan başga bir zatlar satyn almagy halaýarlar. Şonuň üçin, elbetde, şeýle adamlar köp. Ýöne biz bu maksat bilen aýratyn gözleg geçirmedik.

Gazagystanyň häkimiýetleri şu wagta çenli ol derňew barada resmi düşündiriş bermediler. Azatlyk Radiosyndan soralanda, prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary "wideony entek görmändigini" aýtdy. “Biz häzir çärelere taýýarlyk görýäris. Ilki bir göreli" diýip, telefonda jogap berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG