Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýyladyşdaky bökdençlikler saklanýar, Garagum etrabynyň obasynda ilat odun ýakyp ýylynýar


Mary welaýatynyň Saryja obasynda ilat peçde odun ýakyp ýylynýar. Ariwden alnan illýustrasiýa suraty
Mary welaýatynyň Saryja obasynda ilat peçde odun ýakyp ýylynýar. Ariwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary saklanyp galýar. Şu günler Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherleriniň tas ähli etrapçalarynda ýaşaýjylar ýyladyş turbalarynyň kadaly işlemeýändiginden şikaýat edýärler. Şäheriň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylary bolsa, hatardan çykan ýyladyş turbalaryny öz hasaplaryna çalyşmaly bolýarlar. Welaýatyň Garagum etrabynyň "Ak altyn" daýhan birleşiginde gazyň pesligi sebäpli ýaşaýjylar odun we salýarka ýakyp ýylynýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Jaýlaryň içi buz ýaly bolup, elektrik peç işletmeseň, otaglarda oturar ýaly däl. Köp hojalyklarda çagalar keselleýär. Mundan başga-da, ýyladyş turbalary işlemese, otaglary çig alýar. Bu ýerzeminlerdäki turbalaryň könelip, deşilmegi we suwuň ýerzeminlere üýşmegi bilen bagly" diýip, maryly ýaşaýjy anonmimlik şertinde 6-njy dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Howa maglumatlary barada habar berýän "Accuweather" websaýtynyň habarlaryna görä, şu günler Maryda howanyň temperaturasy gündizlerine 13, gijelerine 4 gradusa çenli ýetýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýaşaýjylaryň ençemesi ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi barada şikaýat edip, şäheriň ýyladyş edarasyna ýüz tutýar. Ençeme gezek edilen şikaýatlardan soň, edaranyň resmileri käbir etrapçalaryň ýaşaýjylaryna her hojalygyň öz hasabyna öýleriniň içindäki demir turbalary plastik turbalara çalyşmalydygyny mälim etdiler.

"Olar bize demir turbalaryň çüýräp içiniň pos tutup dykylandygyny aýtdylar. Biz turbalary öz hasabymyza çalyşdyk. Ýöne turbalary çalyşanymyzdan soňra, şäheriň ýyladyş edarasynyň işgärleri demir turbalary satjakdyklaryny aýdyp, olary özlerine tabşyrmalydygymyzy aýtdylar. Näme üçin demir turbalary satyp, deregine plastik turba satyn alyp, biziň jaýlarymyza oturtmaýarlar?" diýip, ýerli ýaşaýjy sorag bilen sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary we Baýramaly şäherleriniň ýyladyş edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçymyz şu günler welaýatyň Garagum etrabynyň "Ak altyn" daýhan birleşiginde bolsa, ýaşaýjylaryň gazyň pesligi sebäpli odun we salýarka ýakyp ýylynýandygyny hem habar berýär.

"Dört uçastokda hojalyklara goýberilýän gazyň güýji gaty pes bolany sebäpli ýaşaýjylar ýylynmak üçin öýlerinde gara peç gurnaýarlar. Olar bu peçlerde odun ýa-da salýarka ýakýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda oba ýerlerindäki ýaşaýjylar ýylynmak üçin elektrik energiýasyna we gaza bil baglamaly bolýarlar. Ýöne köp obanyň ýaşaýjylary gaz we tok üpjünçiliginiň pesligi sebäpli ýylynmak meselesinde indi ençeme ýyl bäri oduna ýa-da salýarka garaşly bolup galýar.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlary merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary bilen ýyladylýar. Ýöne Azatlyk bilen anonim şertde gürrüňdeş bolýan ýerli hünärmenler ýurtda 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda, hatda 2000-nji ýyllaryň ortalarynda gurlan jaýlarda-da infrastrukturanyň, şol sanda ýyladyş turbalarynyň sandan çykandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky problemalary agzamazdan, gyş möwsüminde elektrik energiýasynyň we ýylylyk ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy her ýylyň güýz paslynda ençeme gezek tabşyrýar.

Soňky ýyllarda her ýylyň güýz paslynda tekrarlanýan bu tabşyryklara garamazdan, Azatlyk gyş aýlarynda ýurt içindäki durmuş düzümine degişli desgalaryň kadaly ýyladylmaýandygy, ýyladyş ulgamlarynyň yzygiderli hatardan çykyp, talaba laýyk işlemeýändigi, şeýle-de çetki sebitleriň, şol sanda şäher ýaşaýjylarynyň toksuz we gazsyz kösenýändigi barada habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG