Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýyladyş ulgamy ýene hatardan çykdy, hünärmenler gyşyň sowuk boljakdygyny duýdurýarlar


31-nji oktýabrda paýtagtyň 6-njy etrapçasynda gyzgyn suwy ýer astyndan geçirýän turbalarda dörän näsazlygy bejerýän işçi.
31-nji oktýabrda paýtagtyň 6-njy etrapçasynda gyzgyn suwy ýer astyndan geçirýän turbalarda dörän näsazlygy bejerýän işçi.

Aşgabatda howanyň temperaturasy gijelerine käte -3 gradusa çenli ýetýän şu günlerde şäheriň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamy bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar. 31-nji oktýabrda paýtagtyň 6-njy etrapçasynda gyzgyn suwy ýer astyndan geçirýän turbalarda näsazlyk döredi we munuň bilen bagly köçelerde gazuw işleri geçirildi. Hünärmenler ýyladyş ulgamyndaky tehniki ýagdaýlary "weýrançylykly" häsiýetlendirip, bu ýyl gyşyň sowuk boljakdygyny duýdurýarlar.

"Lälezar bazarynyň ýerleşýän etrapçasyndaky ýyladyş turbalarynda dörän näsazlyk zerarly köçelerde, lýuklarda gazuw işleri geçirildi. Bu işleriň geçirilýän ýeriniň töweregine palçykly suw ýaýrady. Suw akmady, ýöne gazuw işlerini heniz gutarmadylar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sebit ýaşaýjysy 1-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şu ýyl Aşgabatda howanyň geçen ýyllardaka garanda has ir sowamagy bilen baglanyşykly, şäheriň köp gatly jaýlaryndaky ýyladyş ulgamy 6-njy oktýabrda işledilip başlandy. Paýtagtda ýyladyş möwsümine adatça 12-15-nji oktýabr aralygynda badalga berilýärdi.

31-nji oktýabrda 6-njy etrapçada işçiler abatlaýyş işlerini geçirýärler.
31-nji oktýabrda 6-njy etrapçada işçiler abatlaýyş işlerini geçirýärler.

Habarçymyz şäheriň ýyladyş ulgamyndaky problemalaryň möwsümiň öňüsyrasynda başlandygyny we häzirki wagta çenli dowam edýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, soňky bir aýyň dowamynda paýtagtyň dürli künjeginde ýyladyş turbalarynyň hatardan çykmagy, ýarylmagy bilen bagly ençeme waka boldy.

Oktýabr aýynyň başynda 30-njy etrapçadaky 2-nji mekdebiň golaýynda ýyladyş turbasy ýaryldy. Mundan iki hepde çemesi ozal hem şu etrapçada ýerleşýän, öň "Progress" diýlip atlandyrylan dükanlar toplumynyň arka tarapynda ýyladyş ulgamlarynyň güýçli hatardan çykmagy bilen bagly waka boldy.

"Kwartalyň tas ähli köçesine suw akdy. Ulaglar geçip bilmedi. Bu ýerdäki näsazlygyň çeşmesini henize çenli tapyp bilmeýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 1-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýyladyş ulgamynyň hatardan çykmagy bilen bagly ýagdaý Parahat-7 etrapçasynda hem yzygiderli ýüze çykýar. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestiniň işgärleri 10 ýyl çemesi ozal ulanylmaga berlen bu ýaşaýyş massiwini "deşiklerden doly sebit" diýip atlandyrýarlar.

"Bu massiwiň gurluşygy alnyp barlanda, oňa köne turbalar goýuldy, täzeleri talandy. Parahat -1, 2, 3, 4, 5 we 6 etrapçalarynda hem yzygiderli problema ýüze çykýar" diýip, “Aşgabatýylylyk” trestiniň bir işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, trestiň hünärmenleri şäheriň ýyladyş ulgamyndaky tehniki ýagdaýlary "weýrançylykly" häsiýetlendirip, bu ýyl gyşyň sowuk boljakdygyny duýdurýarlar.

Olar munuň sebäplerini bu ulgamyň maddy-tehniki üpjünçiligindäki kemçilikler, hünärmenleriň ýoklugy we işgärleriň güýjüniň talaba laýyk ulanylmazlygy bilen düşündirýärler.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada goşmaça maglumat we kommentariýa almak üçin 1-nji noýabrda “Aşgabatýylylyk" we Aşgabat şäher häkimligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň sagat 14:30-17:00 aralygynda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýatlatsak, şu aýyň başynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly hünärmenler hem paýtagtyň ýyladyş ulgamynyň işlemäge taýyn däldigini aýdyp, kynçylyklary aňryçäk derejede agyr diýip atlandyrdylar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky problemalary agzamazdan, ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak barada ýurt ýolbaşçylaryna sentýabryň başyndan bäri ençeme gezek tabşyryk berdi. Döwlet baştutany bu baradaky tabşyrygyny her ýylyň güýz paslynda tekrarlaýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk gyş aýlarynda ýurtda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi, şeýle-de çetki sebitleriň, şol sanda şäher ýaşaýjylarynyň toksuz we gazsyz kösenýändigi barada onlarça ýyl bäri habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG