Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganatada howa sowady, ilata berilýän gaz peseldi


Illýustrasiýa suraty

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen, Türkmenistanda ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem gaýtadan ýüze çykýar. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryna berilýän tebigy gazyň güýjüni peseltdi. Hojalyklara berilýän elektrik energiýasynyň güýji hem pes bolansoň, oba ýaşaýjylary bu ýyl hem odun ýakyp ýylynjakdyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Darganata etrabynyň obalarynda we Gazojak şäherinde adamlaryň gaz liniýasyna bolmalysyndan 80% az tebigy gaz goýberilýär. Gazyň öýlere goýberilýän mukdary, güýji pesligi zerarly, köçäniň ahyryndaky öýlere gaz ýetip barmaýar. Gazyň güýji örän pes" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly çeşmämiz 4-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Etrabyň ençeme obasyna aýlanyp gören habarçymyzyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler tebigy gazyň güýjüniň azaldylmagy barada ilata aç-açan we anyk düşündiriş bermeýärler.

Ýöne oba ýaşaýjylary öňden hem öwerlikli bolmadyk gaz üpjünçiligi meselesiniň her ýylyň güýz paslynda, sebite aýazly howanyň aralaşmagy bilen has-da ýitileşýändigini aýdýarlar.

Olar obalara toplumlaýyn ýyladyş ulgamynyň çekilmändigini, elektrik togunyň-da indi ençeme ýyl bäri kadaly berilmeýändigini aýdyp, özleriniň bu ýyl hem peçlerde odun ýakyp, ýylynmaga mejbur boljakdygyny belleýärler.

"Tok peç ýakmak üçin ýeterlik elektrik togy berilmeýär. Häzir togyň güýji 100 woltdan geçmeýär. Adamlar tokaýa ýa çöle gidip, sazak, toraňňy ýaly gyzyl kitaba giren agaçlary odun edip, öýlerini ýylytmaly bolarlar. Bu ýagdaý indi üç ýyl bäri gaýtalanýar" diýip, ýerli oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde 4-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol sebitde diňe odun maksatly çapylýan agaçlaryň sanynyň ýylda ekilip, düýp tutan agaçlaryň sanyndan tas iki esse köpdügini hem çaklaýar.

Bu aralykda, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1, 3, 5, 7, 8, 10, 24, 31 we 33-nji orta mekdepleriň ýolbaşçylarynyň ýyladyş ulgamlarynyň sowukda doňup ýarylmagyndan aladalanýandygyny aýdýar.

"Şu günler etrap mekdepleriniň ýyladyş ulgamyna gözegçilik edýän işgärler gaz balonlaryny satyn alýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Darganata etrap häkimliginden we agzalan mekdeplerden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky problemalary agzamazdan, gyş möwsüminde elektrik energiýasynyň we ýylylyk ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy her ýylyň güýz paslynda ençeme gezek tabşyrýar.

Prezident şeýle tabşyryklaryň birini soňky gezek 1-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň iş maslahatynda berdi.

Indi ençeme ýyl bäri her ýylyň güýz paslynda tekrarlanýan bu tabşyryklara garamazdan, Azatlyk gyş aýlarynda ýurt içindäki durmuş düzümine degişli desgalaryň kadaly ýyladylmaýandygy, ýyladyş ulgamlarynyň yzygiderli hatardan çykyp, talaba laýyk işlemeýändigi, şeýle-de çetki sebitleriň, şol sanda şäher ýaşaýjylarynyň toksuz we gazsyz kösenýändigi barada onlarça ýyl bäri habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG