Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Täze ýyla taýynlyk görýärkä, pula mätäç ilat bankomatlaryň öňünde gününi geçirýär


Täze ýyl baýramçylygy üçin şäher bezegi. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry
Täze ýyl baýramçylygy üçin şäher bezegi. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry

Türkmenabat şäheri Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýar. Şäheriň köçeleri bezelýär, timarlanýar, täze ýyl arçalary dikilýär. Bu aralykda şäher ýaşaýjylary gündelik aladalaryň üstüne aýlyklaryny we pensiýalaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär. Bankomatlarda ýene-de nagt pul ýetmezçiligi döredi, nobatlar birnäçe güne çekýär, pul almak isleýänler nobata öňünden ýazylýar.

Lebap welaýatynyň merkeziniň ýolbaşçylary Täze ýyla taýýarlyk işlerine ünsüni artdyrdylar. Şäheriň dürli ýerlerinde hökümet binalarynyň öňünde täze ýyl arçalary oturdylýar we köçeler elektrik bezegleri bilen bezelýär.

Şäheriň ýaşaýjylary hem baýramçylyga taýynlanýar. Köpçülik sowgat, baýramçylyk saçagyna azyk satyn almak üçin aýlyklaryny, pensiýalaryny we tygşytlan pullaryny nagtlaşdyrmak maksady bilen öňünden bankomatlara gyssandy, emma puluň ýene ýokdugyny bilip galdy.

Habarçylaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenabatda diňe banklardaky bankomatlarda pul bolýar. Merkezi bank puly diňe bank şahamçalaryna çäkli mukdarda paýlaýar. Bank kartyndan alyp bolýan puluň möçberi ujypsyz. Bir gezekde diňe 800 manada çenli pul alyp bolýar.

Plastik kartoçkalardan pul çykarmak mümkinçiligine eýe bolmak üçin garaşylýan wagty hem birnäçe güne çenli dowam edýär. Nobata ýazylmak isleýänler bir gün öňünden sanawlara ýazylýar we ertesi gün irden baryp, bardygyny subut etmeli.

Habarçylar pul almak üçin düzülýän sanawlara ýazylmagyň nobatynyň hem bardygyny we onuň birnäçe sagada çekýändigini aýdýarlar. Ertesi gün sanawdaky adamlar ýene baryp, nobatyny tassyklatmaly we soň bankomatdan pul almak üçin günüň dowamynda garaşmaly. Köpden bäri garaşmakdan soň nobatyň ýetmegi pul alyp biljegiňi kepillendirmeýär, sebäbi banknotlarda pul çalt gutarýar. Orta hasap bilen her bankyň öňünde 400 töweregi adam ýygnanýar, şolardan 150-den köp adama pul ýetmeýär. Şeýlelikde, Türkmenabadyň ýaşaýjylary 800 manat almak üçin birnäçe günläp şäher banklarynyň gapysyny kakýarlar we günlerini nobatlarda durup geçirýärler.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl Türkmenabadyň bazarlarynda baýramçylygyň öňünden subsidirlenen bahalardan satylýan azyk önümleri hem göze ilmeýär.

Pulsuzlyk baýramçylygyň öňünde hasam agyr duýulýar. Türkmenistanda ilatyň bir böleginiň girdeji çeşmesi düýpden ýok bolsa, beýleki bir bölegi, ýagny işleýänler we pensiýadakylar öz aýlyklaryny we pensiýalaryny alyp bilmeýärler. Pul bolan halatynda-da, azyk önümleriniň gytçylygy baýramçylyga taýýarlygy kynlaşdyrýar.

Türkmenistanda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi meselesi üç ýyla golaý wagt bäri azyk ýetmezçiligi bilen bir wagtda ýüze çykdy. Bu döwürde ilatyň jaý hojalyk hyzmatlary üçin ýeňillikleri ýatyryldy, köpçülikleýin iş orunlary azaldyldy we azyk paýlarynyň ilata satylmagyna çäklendirmeler girizildi. Koronawirus pandemiýasy bar bolan problemalary hasam güýçlendirdi. Köpçülikleýin işsizlik, aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijikdirilmegi, bahalaryň ýokarlanmagy ilatyň sosial meselelerini agyrlaşdyrdy we raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine sebäp boldy.

Ýurduň ýolbaşçylary ykdysady krizisi ykrar etmeýär, ilatyň problemalary barada düşündiriş bermeýär, şol bir wagtyň özünde ilatyň azyk nobatlaryna durmagyny gadagan etmek we nägile bolýanlary yzarlamak görnüşinde ilata basyş etmek ýaly hereketler arkaly krizisiň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýar.

Soňky aýlarda türkmen hökümeti krizise garşy käbir resmi çäreleri agzap başlady.

3-nji dekabrda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen "krizise garşy maksatnamany" tassyklady. Ondan öň noýabr aýynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa ýurduň ykdysady ösüşi üçin maksatnama taýýarlamak we býujet girdejilerini ýokarlandyrmak, şeýle hem goşmaça maliýe çeşmelerini gözlemek tabşyryldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG