Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Täze ýyl arçasy bu ýyl “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde gurulýar


Täze ýyl arçasy bezelýär. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Täze ýyl arçasy bezelýär. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenabatda 2014-nji ýyldan bäri Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylýan täze ýyl arçasy bu ýyl “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde gurulýar.

Lebabyň administratiw merkezinde Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk işlerine bat berildi. Mundan ozalky ýyllaryň tejribelerinden tapawutlylykda, täze ýyl arçasy bu ýyl Ak öýüň öňünde dikilýär.

“Türkmenabat şäheriniň köçelerindäki çyra sütünlerine bezeg çyralaryny dakyp başladylar, ýöne bezeg çyralaryny entek ýakmadylar” diýip, bir türkmenabatly gürrüň berdi.

“Türkmenabatda baş arça 2014-nji ýyldan bäri her ýyl Ruhyýet köküniň öňünde gurlup gelinýän bolsa, bu gezek estafetany Türkmeniň ak öýi aldy” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl, görnüşinden heniz, edara-kärhanalardan täze ýyl arçasyny oturtmak talap edilmeýär.

“Öňki ýyllarda Täze ýyl baýramyndan öň, her edarada täze ýyl arçasy gurulýardy, soňra dessine sökülýärdi. Bu ýyl heniz edara-kärhanalara ‘arça dikmeli’ diýlen görkezme berilmedi. Diňe baş arçanyň bezeg işlerine başladylar” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany Türkmenistanda edara-kärhanalardan täze ýyl arçasyny gurnamak, bezeg işlerini geçirmek, ýagtylyk beriji bezeg çyralaryny satyn almak ýaly talaplar edilýärdi. Bu talaplar boýunça mundan ozalky ýyllarda edara-kärhanalarda býujet işgärlerinden pul ýygnalýardy.

Habarçymyz 23-nji noýabrda Türkmenabatdaky Ak öýüň ugrunda güýçli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, binanyň öňünde awtokranlar bilen baş arçanyň sütünleriniň diklenip başlanandygyny we bezeg işleriniň geçirilýändigini habar berdi.

Bu ýyl Türkmenabatda baş arçanyň ýeriniň üýtgedilmegi, bir tarapdan, ýerli ulag sürüjileri tarapyndan oňyn kabul edilýär. Olar bu ýagdaýyň Täze ýyl baýramçylygynda şäheriň köçelerinde ulag hereketini ýeňletjegine umyt baglaýarlar.

“Sebäbi baş arça Ruhyýet köşgüniň öňünde gurlanda köşgüň öňündäki Bitaraplyk köçesi beklenýärdi we bu ýagdaý baýramçylyk güni awtoulaglar üçin kynçylyk döredýärdi” diýip, bir awtoulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebit merkezlerinde, şol sanda Lebabyň administratiw merkezinde läheň ak öýler bina edildi. Türkmen mediasy bu öýleri milli medeniýetiň ojagy hökmünde, medeni çäreler geçirilýän merkezler hökmünde wasp edýär.

Ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly bina edilen läheň ak öýleriň gurluşygyna döwlet tarapyndan sarp edilen maliýe serişdeleriniň möçberi aýdylmaýar. Galyberse-de, Lebapda iýunyň soňky hepdesinde ulanylmaga berlen ak öýüň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Ak öýüň açylyşy sebitde geçirilen medeniýet hepdeligi bilen utgaşdy. Medeniýet hepdeligi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat getirildi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ak öýüň açylyşynyň öň ýany, onuň gyssagly gurluşygynda bir işçiniň ölendigini habar berdiler.

Türkmenistanda dabara-şowhunlary Ak öýlerde geçirmek däbi 2015-nji ýylda Mary welaýatynda başlandy. 2017-nji ýylda Ahal welaýatynda hem Ak öý açyldy. Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda äpet ak öýleriň düýbi 2018-nji ýylyň dekabrynda tutuldy.

Türkmenistanda bu ýyl täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleri ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda ýaramaz azyk howpsuzlygynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG