Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda PÝGG ulaglary ‘delilsiz’ saklap, ‘açyk ýagdaýda’ para soraýar


PÝGG işgäri

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ozaldan hem azlyk etmeýändigi aýdylan köçe parahorlygynyň geriminiň bu günler has hem möwjeýändigi bellenilýär. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan sürüjiler Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň hususy ulaglary delilsiz ýagdaýda saklap, dürli bahanalar, şol sanda haýbatlar bilen hem tas açyk ýagdaýda para soraýandyklaryny aýdýarlar.

Lebabyň Çärjew etrabynyň 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Parahat aga (howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedildi we şahsyýetini aýan edip biljek beýleki maglumatlar aýan edilmedi – red.), ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady çökünligiň arasynda hojalygynyň çörek puluny tapmak aladasynda, özüniň esasy wezipesiniň gapdalyndan welaýatyň administratiw merkezine gatnap, günlükçi hökmünde zähmet çekýär.

Ol 11-nji oktýabrda giçlik öz ulagynda Türkmenabatdaky ikinji işinden dolanyp gelýän wagty, ýoluň tümlükdäki çola bir ýerinden ýol polisiýa işgäriniň peýda bolandygyny aýtdy.

“Sagat eýýäm gije 10-lar töweregidi. Polisiýa işgäri özüni tanyşdyryp, yzly-yzyna dürli kemçilikleri gözläp başlady. Ilki dokumentimi we ilkinji medisina kömek gutujygyny sorady. Soňra-da başga bahana tapman ‘ulagyň hapa, çyrasy hem gowy ýagtyldanok’ diýip, jerime ýazjakdygy, hatda ulagyň hem saklanjakdygy bilen haýbat atdy” diýip, Parahat aga gürrüň berdi.

Ol onsuz hem maliýe ýetmezçiliginden kösenýändigini, jerime tölemäge ýagdaýynyň ýokdugyny düşündirmäge synanyşsa-da, polisiýa işgäriniň onuň nalyşlaryna gulak gabartmandygyny aýtdy.

“Polisiýa işgäri soňundan ‘ýa 30 manat berip şu ýerden gidersiň ýa-da ulagyňy eýýäm jerime duralgasyndan alarsyň’ diýip, açyk para sorady. Alaçsyz bermeli boldum” diýip, iki ogly we gelinleri bilen bir öýde ýaşaýan Parahat aga habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şol gün gürrüňi gidýän ýoluň ugrunda başga-da ona golaý sürüjiniň şular ýaly ýagdaýlary başdan geçirip, polisiýa para bermäge mejbur edilendigini anyklamagy başardy. Galyberse-de, ol soňky döwür PÝGG işgärleriniň çet obalaryň ugrundaky ýollarda bukuda oturyp, ulaglary saklap para talap edýändiklerini hem sözüne goşdy.

Habarçy ýol polisiýanyň näresmi para möçberini hem kesgitländigini belledi. Maglumata görä, jerime ýazmak ýa-da ulagy polisiýa bölümine äkitmek haýbaty bilen, ýeňil ulaglardan 20-30 manat, ýük ulaglardan hem 40-50 manat aralygynda para soralýar.

Bu aralykda, Türkmenabatdaky habarçymyz sentýabrda geçirilen, hakykatda polisiýa tarapyndan para möwsümi hökmünde ulanylýandygy bellenilýän, ýol howpsuzlygynyň biraýlygyndan soň hem şäherde ulaglaryň köpçülikleýin ýagdaýda saklanmagynyň dowam etdirilýändigini aýdýar.

“Türkmenabatda ýol polisiýasy saklap hamana gorag kemerimi talaba laýyk dakmandygymy, ulagyň içinde ýeke bolsam hem, gorag maskamyň ýokdugyny aýdyp, ilki jerime ýazjakdygy bilen haýbat atdy, soňra-da göni ýüzme seredip 30 manat para bermegimi sorady” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly 12-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan sürüjiler polisiýanyň esasan orta ýa-da pes hilli ulag eýelerinden para talap edýändigini, has gymmat ulag eýelerine batyrnyp bilmeýändiklerini hem aýdýarlar.

“Olaryň [polisiýanyň] güýji diňe biziň ýaly adaty adamlara ýetýär. Olaryň gapdalyndan gymmatbaha bir ulag göz edip, ýol hereketini bozup geçse-de, polisiýa görmezlige salyp, kellesini başga bir ýana sowýar” diýip, şular ýaly ýagdaýlara şaýat bolandygyny aýdýan türkmenabatly nygtady.

Azatlyk Radiosyna ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden, şol sanda Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler ministrligi polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary, köçe-ýol hadysalary hakynda-da gürrüň etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG