Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilata gribe garşy waksina edilýär, çäklendirmeler öz güýjünde saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda ilata gribe garşy waksina etmek çäreleri ýokary depginde dowam edýär. Habarçylarymyz ýurtda COVID-19 bilen bagly ýagdaýyň asuda bolmagynda galýandygyny, ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanda tomus paslynyň ahyrynda girizilen berk karantin çäklendirmeleriniň öz güýjünde saklanýandygyny aýdýarlar. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, köp adam çäklendirmeleriň 15-nji dekabrda gowşadylmagyna garaşýardy.

Aşgabatdaky habarçymyz 65 ýaşdan ýokary raýatlara gribe garşy Günorta Koreýanyň waksinasynyň mugt sanjylýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, 65 ýaşa ýetmedik ilata fransuz waksinasy edilýär. Bu waksina üçin raýatlardan 25 manat töleg alynýar.

"Häzir saglyk işgärlerine we ýokary synp okuwçylara, ýagny 7-11 synp okuwçylara waksina etmek işleri doly diýen ýaly tamamlandy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly saglyk işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz ýurduň saglyk pudagyndaky çeşmesine salgylanyp, gribe garşy "Ultriks" rus waksinasynyň çalt gutarandygyny hem aýtdy.

Şu aýyň başynda Lebapdaky habarçymyz Türkmenabat şäheriniň tas ähli hassahanalarynda we edara-kärhanalarynda, şol sanda "Gök guşak" kärhanasynda işgärlere gribe garşy "Ultriks" sanjymynyň edilýändigini habar beripdi. Ol munuň üçin býujetçilerden 21-25 manat töleg alynýandygyny hem aýdypdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylarymyz soňky bir ýarym aýyň dowamynda COVID-19 bilen bagly ýagdaýyň asudadygyny, raýatlaryň wirus bilen keselleýändigi barada maglumatlaryň ýaýramaýandygyny habar berdiler.

Muňa garamazdan, Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, 15-nji dekabrda bazarlar, restoranlar, ilata hyzmat ediş nokatlary we güýmenje merkezleri gaýtadan açylmady. Çäklendirilen uçar gatnawy we otly hyzmatlary hem dikeldilmedi.

"Ilat çäklendirmeler 15-nji dekabrda ýatyrylar öýdýärdi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

15-nji dekabrda 100-den gowrak telekeçi we alyjy hem, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezi bazarynyň açylmagyny umyt edip, söwda nokadynyň öňüne üýşdüler. Telekeçiler resmileriň bazary 15-nji dekabrda açmak barada wada berendigini aýtdylar. Muňa garamazdan, bazar açylmady we polisiýa bazaryň öňüne üýşen adamlaryň tas ählisine 50 manat pul jerimesini ýazdy.

Lebaply habarçymyz döwlet edara-kärhanalaryndaky çeşmelerine salgylanyp, dekabryň ahyrynda we ýanwaryň başynda geçiriljek çäreleriň, şol sanda Täze ýyl baýramynyň diňe käbir býujet işgärleriniň gatnaşmagynda belleniljekdigini hem habar berýär. Adatça, ýurtda Täze Ýyl ýaly baýramçylyklar ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň köpelendigi barada habarlaryň gelip gowuşan mahaly, ýagny awgust aýynda berk karantin çäklendirmelerini girizdi.

Muňa garamazdan, häkimiýetler pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistanda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlap, ýurta girizilýän karantin çäklendirmeleri we olaryň möhleti barada aç-açan çykyş hem etmän gelýärler.

Şu aýyň başynda Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň ýurtda wirusyň nobatdaky tolkunyny döretmeginden alada edýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG