Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"COVID-19" -dan azat Türkmenistan epidemiýalara taýýarlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýada dördünji boldy


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat

Öz giňişliginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistan, çap bolan täze halkara hasabatynda epidemiýa taýynlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Emma Türkmenistan alan görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularyndan tapawutlylykda sanawyň soňuna golaý ýerleşýär we diňe Täjigistandan öňe çykýar.

Epidemiýa taýynlygynyň halkara reýtinginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gazagystan 55-nji, Gyrgyzystan 68-nji, Özbegistan 82-nji, Türkmenistan 119-njy, we Täjigistan 140-njy ýerde ýerleşýär.

2021-nji ýylyň Global Saglyk Howpsuzlygy Indeksi (GHS) 195 ýurduň epidemiýa we pandemiýalara taýýarlyk ukybyny ölçeýär.

Ýurtlaryň taýýarlyk derejesine berlen baha alty kategoriýadaky ballara esaslanýar: keseliň öňüni almak, ýagny mikroorganizmlere gözegçilik etmek, ýüze çykarmak, jogap bermek, ýagny adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak, saglyk hyzmatlarynyň şertleri, ýagny hassahanalaryň we işgärleriň iş ukybynyň hili, kanunçylyk, ýagny halkara şertnamalaryna gatnaşmak we töwekgelçilikler.

Reýtingiň 119-njy setirinde duran Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde öz çäginde COVID-19 ýoklugyny yglan edýän tas ýeke-täk ada däl döwletdir. Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda pandemiýa başlaly bäri respirator keselleriň we ölümiň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagy dowam edýär.

Ýurduň ýolbaşçylary epidemiologiki problemany resmi taýdan ykrar etmeýärler, ýöne çäklendirmeleri girizmegini we güýçlendirmegini dowam etdirýärler. Ýurtda yzygiderli uçar gatnawy ýok, halkara uçuşlar ýatyryldy, içerki howa gatnawy we demir ýol gatnawy çäkli görnüşde hereket edýär. Söwda obýektleri, gündelik durmuş hyzmatlary we güýmenje pudagy ýapyk durýar, toýlar we ýas çäreleri gadagan edilýär, ilatyň maska dakynmagyna gözegçilik güýçlendirilýär we ilatdan koronawirusa garşy hökmany waksinasiýa girizildi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmelere görä, ýurtda koronawirusyň ýokaşmagy boýunça statistika ýöredilýär. Çeşmäniň 14-nji oktýabrda beren maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda koronawirusdan 25000-den gowrak adam ölüpdir.

Şu ýyl tomsuň aýagynda we güýzüň başynda COVID-19 bilen kesellänleriň sany Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik derejede köpeldi. Azatlygyň çeşmelerine görä, köpüsine Delta warianty anyklandy.

Dekabr aýynyň başynda Bütindünýä saglyk guramasy ýurduň häkimiýetlerini "COVID-19-y ýüze çykarmak boýunça tagallalary güýçlendirmäge" çagyrdy we şunuň bilen Türkmenistanyň öz çäginde koronawirusyň ýoklugy barada aýdanlaryny ýene bir gezek sorag astyna aldy. BSG-niň köp ugurly bilermenler topary, "global pandemiýa bilen bagly adatdan daşary ýagdaý sebäpli" Türkmenistanyň saglyk ulgamynyň taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bir hepdelik sapar etdi.

Missiýa "COVID-19-y ýüze çykarmak üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny" belläp, "hadysalar barada wagtynda habar bermegiň hökmanydygyny" aýtdy. BSG-niň Ýewropada adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory, bu missiýa ýolbaşçylyk eden doktor Dorit Nitzan ýagdaýa jogap bermek üçin "jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýändigini we aç-açanlyga esaslanýandygyny" belledi.

BSG-niň wekilleri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň koronawirusyň ýoklugy baradaky aýdanlaryny mundan öň hem sorag astyna alypdy we COVID-19 hadysalaryny anyklamak maksatly garaşsyz derňew üçin nusgalaryň halkara barlaglaryna iberilmegini birnäçe gezek maslahat beripdi.

2021-nji ýyl boýunça Global Saglyk Howpsuzlyk Indeksiniň (GHS) global reýtingi, ýurtlaryň geljekdäki epidemiýa we pandemiýa howplaryna, şol sanda COVID-19-dan has weýrançylykly howplara taýyn däldigini görkezýär. Hasabatda "Köp ýurt COVID-19-a garşy göreşmek ukybyny çalt ösdürip bilse-de, geljekdäki epidemiýa howplaryna garşy durmaga taýyn däl" diýilýär.

Reýtinge görä, köp ýurt, şol sanda ýokary girdejili ýurtlar epidemiýa taýynlygyny ýokarlandyrmak üçin ýeterlik maýa goýmandyr. Bu nukdaýnazardan dünýä derejesindäki saglyk ýagdaýyna umuman negatiw baha berilýär.

Reýtinge görä, dünýä derejesinde epedemiýalara garşy durmak taýýarlygy boýunça iň üstünlikli ýurtlaryň onlugyna ABŞ, Awstraliýa, Finlýandiýa, Kanada, Taýland, Sloweniýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Günorta Koreýa we Şwesiýa girýär. Sanawa görä, iň gowşak ýurtlaryň onlygyna Somali, Ýemen, Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Ekwatorial Gwineýa, Nauru, Merkezi Afrika Respublikasy, Tuwalu, Niue adasy, Wenesuela we Günorta Sudan girýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG