Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalynyň polisiýasy merkezi bazara ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime ýazdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

15-nji dekabrda 100-den gowrak telekeçi we alyjy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezi bazarynyň öňüne ýygnandy. Polisiýa bazaryň açylmagyny umyt edip, bu ýere üýşen adamlaryň tas ählisine pul jerimesini ýazdy. Jerimäni töläp gaýtadan bazara üýşen telekeçileri resmi edaralaryň wekilleri köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne bazar gaýtadan açylmady. Bu wakanyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilen karantin çäklendirmeleriniň çäginde bazarlar, ilata hyzmat ediş nokatlary we güýmenje merkezleri şu ýylyň tomus paslynyň soňky aýynda ýapylypdy. Bu waka ýurtda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň köpelen mahalyna gabat gelipdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, 15-nji dekabrda Baýramalynyň merkezi bazaryna satyjylar we alyjylar üýşüp başlady. Şonda bazaryň daş töweregi öňküsi ýaly ýapyk bolsa-da, polisiýa işgärleri telekeçileri we alyjylary awtobuslara mündürmäge başlady.

"Adamlar näme bolýandygyna düşünmediler. Sebäbi adamlar satmak üçin ýanlary bilen ähli harytlaryny alyp gelipdiler. Polisiýa adamlary birnäçe gezek awtobuslara ýükläp, polisiýa merkezine alyp gitdi. Emma bazara gelýän adamlar her 5-10 minutdan köpelip duransoň, tutulan adamlary birbada üç awtobusa mündürip başladylar. Bazara gelýän adamlar barha köpelip durdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran waka şaýat bolan telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýa merkezine eltilen telekeçileriň we alyjylaryň her biri 50 manat jerime tölemeli boldy. Polisiýa jerimäniň sebäplerini olaryň "iki metr aralygy saklaman, köpçülik bolup üýşüp durandygy" bilen düşündirdi.

Jerime töledilen adamlar ýene yzyna gelip, bazaryň golaýynda üýşmäne başlady. Habarçymyzyň sözlerine görä, bu adamlaryň sany sanardan kändi. Şonda Baýramaly etrap häkimliginiň, MHM-niň we polisiýanyň wekilleri gelip, adamlardan bazaryň arka ýüzünde gurlan täze dört gatly jaýyň öňünde üýşmegi soradylar.

"Özüni häkimligiň işgäri diýip tanadan bir adam: Adamlar siziň bolşuňyz nähili? Edil mal ýaly, gepe zada düşüneňizokmy? Eger bazar açyljak bolsa, öňünden size habar berilerdi. Bizi tutuş dünýä masagara etdiňiz" diýdi. Sowuk howada kösenip gelen we üstesine-de, 50 manat jerime tölän adamlar gaharlandy. Olaryň käbiri "biz etrap häkimligine baranymyzda bazary 1-nji noýabrda açmagy wada berdiňiz, soňra-da 15-nji dekabrda açjak diýdiňiz. Dekabryň 15-i ýetip geldi, şonuň üçin bizem bazara geldik. Biz bu ýere hojalygymyzy eklemäne geldik, ogurlyk ýa dilegçilik etmäne gelmedik" diýdi. "Hany, beren wadaňyz?" diýip, başda duran adamlardan soňunda durana çenli gygyrmaga başlady. Häkimligiň işgäri bu ýerini taşlap gitmeli boldy" diýip, telekeçi aýtdy.

Habarçymyz bazaryň gaýtadan açylmajakdygyna düşünen adamlaryň birnäçe wagt geçensoň öýlerine gidendigini hem belledi.

Azatlyk bu waka barada Baýramaly etrap häkimliginden, polisiýa müdirliginden we MHM-niň welaýatdaky edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýeke-täk gazanç çeşmesinden kesilendigini aýdýan telekeçiler bazarlaryň gaýtadan açylmagyny sorap, ençeme gezek häkimiýetlere ýüz tutdylar.

21-nji oktýabrda Baýramaly etrabyndaky merkezi bazaryň 100-den gowrak söwdagäri etrap häkimliginiň öňünde üýşüp, resmilerden bazaryň gaýtadan açylmagyny talap etdi. Şonda häkimligiň resmileri bazaryň “ilatyň saglygyny goramak üçin ýapylandygyny” aýdyp, satyjylara ony bir hepdeden açmagy wada berdiler.

Galyberse-de, Türkmenistanda ähli bazarlaryň, söwda merkezleriň 2021-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap doly işledilmeginiň ýola goýuljakdygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň öz agzalaryna iberendigi aýdylýan hatda bellenildi.

Pandemiýanyň başyndan bäri Türkmenistanda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri ýurtda girizilýän karantin çäklendirmeleri we olaryň möhleti barada beýanat bilen çykyş etmeýärler. Şeýle-de, bu çäklendirmeleriň ilata ýetirýän täsirleri, şol sanda näçe adamyň gazançsyz galmagyna getirendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary çäklendirmeler sebäpli gazançsyz galan raýatlara döwlet tarapyndan maddy goldaw berilmeýändigini, şeýle-de işi togtadylan bazarlardaky söwdagärlere üç aý bäri salgyt tölegleriniň hem-de kireý tölegleriniň adatdakysy ýaly töledilýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG