Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Farapdaky mekdep ýangynyndan soň VPN ulanýanlara garşy reýd geçirilýär


Azatlygyň habarçylary ýangynyň netijesinde mekdebiň üçeginiň doly ýanandygyny we köp synp otaglaryna zeper ýetendigini habar berdiler. (Illýustrasiýa suraty)

Farap etrabynda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri ýerli mekdepde bolan ýangyn barada maglumat ýaýradýan çeşmeleri gözleýärler. Garaşsyz habar beriş serişdelerinde Farap şäherindäki 1-nji mekdepde ýangynyň bolandygy barada habar berlenden soň, MHM-niň işgärleri telefonlara VPN programmalaryny gurnap berýän ussalara garşy we şeýle programmalary ulanýanlary anyklamak boýunça reýdleri geçirýärler. Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, 14-nji dekabrda Farap etrabynda Internet baglanyşygy kesildi. Bu aralykda, ot alan mekdebiň okuwçylary Farabyň beýleki orta mekdeplerine iberilip başlandy. Ýangyndan soň Farap etrabynyň bilim bölüminiň başlygy we etrap häkiminiň jemagat hyzmatlary boýunça orunbasary işinden boşadyldy. Kotelnýa, ýagny ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagyna gözegçilik edýän işgärlere garşy jenaýat işi gozgaldy.

Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz öz çeşmelerine salgylanyp, ýangynyň bolan ýerinden düşürilen wideonyň kim tarapyndan ýaýradylandygyny anyklamak üçin MHM-niň işgärleriniň Aşgabatdan Farap şäherine gelendigini habar berýärler.

“Aşgabatdan MHM-niň birnäçe işgäri geldi. Çarşenbe güni (14-nji dekabrda) VPN ulanyjylaryna we bu programmalary telefonlara gurnap berýänlere garşy reýd geçirildi. Olar birnäçe adamy anyklamagy we tussag etmegi başardylar, olaryň köpüsi henizem tussaglykda saklanýar. Adamlardan VPN-ni haýsy maksat bilen ulanýandyklaryny we ot alan mekdebiň wideosyny ýaýradyp-ýaýratmandyklaryny soraýarlar" diýip, Azatlygyň Farabyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesi aýtdy.

Ýatlatsak, Farap şäheriniň Kaspiskaýa köçesinde ýerleşýän 1-nji orta mekdepdäki ýangyn 11-nji dekabrda ýary gije boldy. Habarçymyz ýangynyň 4 sagat geçensoň, 12-nji dekabrda irden söndürilendigini 13-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, wakada ýangyn söndürijilerden biri ýaralandy. Azatlygyň çeşmesi ýangynyň mekdebiň kotelnýasynda gazyň syzmagy netijesinde başlanandygyny aýtdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, 14-nji dekabrda VPN ulanyjylaryna garşy reýd geçirilen wagtynda Farap etrabynda bir günläp Internet arabaglanyşygynyň kesilendigini hem habar berdi. Şol gün Internet aragatnaşygyndaky bökdençlikler Türkmenabatda-da ýüze çykdy.

“Internet arabaglanyşygy dikeldilenden soň, VPN programmalarynyň köpüsi işlemegini bes etdi. Farapda düýnki ýagdaýdan (14-nji dekabrda geçirilen reýdlerden) soň, adamlar VPN-e birikmekden gorkýarlar. Türkmenabatda-da VPN programmalarynyň köpüsi işlemeýär " diýip, habarçymyz türkmenabatly ýaşaýjynyň sözüni sitirledi.

Bu aralykda, Azatlygyň Farapdaky çeşmesiniň aýtmagyna görä, ot alan mekdebiň okuwçylary wagtlaýynça beýleki şäher mekdeplerine paýlanýar.

“Ýangyn zerarly weýran bolan mekdebiň okuwçylary wagtlaýynça 2-nji we 3-nji mekdeplerde okarlar. 1-nji mekdebiň näçe wagtda gaýtadan dikeldiljekdigi entek belli däl. Hatda ol ýerde heniz abatlaýyş işlerine-de girişilmedi. Häkimiýetler binany çalt bejermegiň ýerine ýangynyň wideosyny sosial ulgamda ýaýradyp biljekleri tutmak bilen meşgullanýar " diýip, kanun goraýjy edaradaky çeşmämiz aýtdy.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary ýangynyň netijesinde mekdebiň üçeginiň doly ýanandygyny we köp synp otaglaryna zeper ýetendigini habar berdiler.

Azatlygyň Farap etrabynyň administrasiýasyna jaň etmek synanyşyklary şowsuz boldy. Ýöne çeşmämiziň habaryna görä, bu waka bilen baglanyşykly Farap etrabynyň bilim bölüminiň başlygy we etrap häkiminiň jemagat hyzmatlary boýunça orunbasary işinden boşadyldy. Mundan başga-da, ýangynyň dörän ýeriniň, ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynyň iki gözegçisine garşy geleňsizlik boýunça jenaýat işi gozgaldy. Olaryň ikisi hem tussaglykda saklanýar.

Farabyň mekdebinde döran ýangyn barada ilkinji bolup Türkiýedäki türkmen migrantlary habar berdiler. Olar sosial ulgamlarda Farap şäherindäki 1-nji orta mekdebiň binasydygy aýdylýan jaýyň ot alýandygyny görkezýän wideony çap etdiler.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda bolup geçýän betbagtçylyklar we tebigy hadysalar barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG