Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar bilen ýokarlanýan dartgynlygyň arasynda Russiýa, Hytaý bitewilik yşaratyny edýär


Söhbetdeşlik wagtynda.
Söhbetdeşlik wagtynda.

Rus we hytaý liderleri, iki ýurduň Günbatar bilen barha dartgynlaşýan gatnaşyklarynyň arasynda, bitewi fronty görkezmäge synanyşyp, 15-nji dekabrda geçirilen wideomaslahat wagtynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hiliniň "nusgalyk" derejä ýetendigini bellediler.

Iki goňşy ýurduň Günbatar bilen gatnaşyklary soňky ýyllarda bir topar mesele sebäpli ýaramazlaşdy we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň geçen hepde geçiren demokratiýa sammitine olaryň hiç biri çagyrylmady.

Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň hytaýly kärdeşi Si Szinpine “biziň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze nusgasy döredi” diýendigini, munuň iki ýurduň arasyndaky "umumy serhedini ebedi parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk guşagyna öwürmek aýgytlylygyny" hem öz içine alýandygyny” aýtdy.

"Men bu gatnaşyklar 21-nji asyrdaky döwletara hyzmatdaşlygynyň hakyky nusgasy bolar öýdäýrin” diýip, Putin aýtdy.

Hytaý Sinjiaň sebitinde adam hukuklarynyň köpçülikleýin basgylanmagy we Hoňkoňdaky syýasy azatlyklaryň gysylmagy, şeýle-de Hindi-Ýuwaş umman sebitindäki harby işjeňliginiň artmagy sebäpli, ABŞ we Ýewropa tankytlaryna sezewar boldy.

Mundan başga, syýasy oppozisiýa we erkin metbugata garşy guraýan hüjümleri we soňky döwürde Ukrainanyň golaýynda toplan on müňlerçe esgeri sebäpli Orsýet Günbatar bilen gapma-garşy boldy. Pekin hem, Moskwa hem Günbataryň tankytlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG