Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeralma eken daýhanlar döwlete manat tabşyrdy. Eksport görkezijileri nämäni aňladýar?


Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azyk bolçulygyny döredýändigi aýdylýar.
Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azyk bolçulygyny döredýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürýän ýönekeý adamlaryň ýylda diýen ýaly zyýanyna işledilmegi, şu ýylky ýaly aşa sowuk we gurak gelen ýylda bolsa, döwlete ýetişdiren kartoşkalaryna derek pul tölemäge mejbur edilmegi, şol bir wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň eksport önümleriniň möçberini artdyrmagy ýurtdaky oba hojalyk syýasaty barada ýene has köp sorag döredýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy şu ýyl Dänew, Darganata etraplarynda döwlet tabşyrygy esasynda kartoşka eken daýhanlaryň harmana şertnamada görkezilen ýeralma hasylyny däl, eýsem nagt pul tabşyrmaly bolandygyny we bergili çykandygyny habar berýär.

Resmiler Dänew etrabynyň Akrabat, Eljik daýhan birleşikleriniň daýhanlarynyň gurak gelen ýylda uly azap bilen ýetişdiren hasylyny kabul etmediler, oňa derek, döwlet planyny doldurmak üçin, tabşyrylmaly her kilogram kartoşakanyň deregine 10 manatdan pul getiriň diýdiler.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen daýhanlaryň sözlerine görä, resmiler bu talaplaryny özlerine ýokardan berlen görkezme hökmünde düşündiripdirler.

Şeýlelikde, daýhanlar kartoşka eken her gektar ýerinden 5 tonna ýeralmanyň puluny 10 manatdan resmilere tabşyryp, ýetişdiren kartoşklaryny bolsa, ýolbaşçylaryň aýdyşy ýaly, bazarda satmaly edildi.

Daýhanlaryň kartoşka hasylyny ýygnan wagty Lebapda kartoşkanyň kilogramy 6 manat bahalanýardy, ýer-suw we howa şertleri bilen baglylykda, olar her gektardan 1,5, 2 tonna ýeralma aldylar we ony 4 manat zyýanlaryna satyp, döwletiň kartoşkanyň ýerine soran puluny mallaryny satyp, uly zyýan çekip tabşyrdylar.

Akrabatly Mahmutkul aganyň pikiriçe, kartoşka hasylynyň deregine nagt pul alynmagynyň bir sebäbi ýurtdaky nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi çäresiz daýhanlary talamagyň ýene bir usuly bolup görünýär.

"Lebapda şu ýyl daýhanlaryň tas ählisi uly zyýan çekdi, sebäbi olaryň ýetişdiren pamidorlary, müňläp gektar gawun-garpyzy, içerki ýollaryň ýapylmagy netijesinde zaýa boldy, häzirem ýük maşynlarynyň hereketin rugsat ýok" diýip, Mahmutkul aga gürrüň berdi.

Ýöne türkmen hökümetiniň mejlislerinde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda oba adamlarynyň amatsyz howa şertleri, aşa sowuk howa, gurakçylyk we dökün, tehnika ýetmezlikleri, diňe döwletiň zyýan çekmezligini üpjün edýän şertnamalar esasynda çekýän zyýanlary hakynda bir söz hem aýdylmaýar.

Emma muňa garamazdan, hökümetçi neşir "Türkmenportal" we Azerbaýjanyň "Trend" neşiri Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ilerlemeler, hususan-da importy azaldyp, eksporty köpeltmek syýasatynyň netijeleri hakynda, rus we gruzin çeşmelerine salgylanyp, käbir sanlary aýan edýär.

Mysal üçin, finmarket.ru neşiriniň Rosselhoznadzora salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistan şu ýyl Orsýete iberýän gök-bakja ekinleriniň möçberini 93% ýokarlandyrdy.

Has anygy, geçen ýyl 16,9 müň tonna önüm, hususan-da pomidor we käşir iberen Türkmenistan bu ýyl 10-njy awgusta çenli 32,7 müň tonna önüm eksport edipdir.

"Türkmenportal" Tükmenistanyň Orsýete deňiz arkaly 23,2 tonna garpyz iberendigini, Gyrgyzystana iň kän pomidor iberiji bolandygyny, ýylyň aýagyna çenli ÝB ýurtlaryna 60 tonna pomidor iberjekdigini hem habar berýär.

"Trend" neşiriniň Gürjüstanyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, Gürjüstan ýanwardan aprele çenli aralykda Türkmenistandan umumy bahasy dört ýüz müň dollardan gowrak ($410,700) serişdä durýan dürli azyk önümlerini import edipdir.

Ýöne azerbaýjan neşiri, "Türkmenportaldan" tapawutlylykda, Gürjüstanyň gürrüňi edilýän döwürde diňe Türkmenistandan import eden önümleri hakynda däl, eýsem bu ýurtda eksport eden önümleri hakynda hem habar berýär.

Gürjüstanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatyna görä, ýylyň dört aýynda Tbilisi Aşgabada jemi $1.7 million serişdä durýan oba hojalyk önümini eksport edipdir.

Kartoşka ekip, döwlet harmanyna pul tabşyrýan adamlaryň ýagdaýy we ýokarlanýan eksport görkezijileri baradaky maglumatlar ýurtdaky oba hojalyk syýasatynyň näderejede netijeliligi baradaky soraglary köpeldýär.

Emma bu barada türkmen oba gojalyk resmileriniň pikirini alyp bolmaýar.

Anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmeniň pikiriçe, Türkmenistanda hökümet öz raýatlaryna, garyp düşen oba adamlaryna hem, uly goldaw berilýän Senagatçylar we telekeçiler birleşigine hem deň derejede garamasa, önüm öndürijileriň ählisine kanun öňünde deň şert döretmese, daýhanlaryň ol ýa beýleki görnüşde ezilmegi, ýurtdaky azyk gytçylygy dowam eder we eksport edilýän pomidorlaryň möçberi önüm öndürijileriň iş şertleriniň hakykatdan hem gowulandyrylandygyny aňladyp bilmez.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG