Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa Kreml bilen baglanyşykly rus telekeçisini ABŞ-a iberýär


Şweýsariýa Kreml bilen baglanyşykly rus telekeçisi Wladislaw Klýuşini Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etdi diýip, şweýsar häkimiýetleri 18-nji dekabrda habar berdi.

Klýuşin Orsýetiň habar beriş serişdelerine gözegçilik we kiberhowpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän M13 kompaniýasyna eýelik edýär.

Ol Birleşen Ştatlar tarapyndan ABŞ kompaniýalary hakyndaky gizlin maglumatlary bikanun ele geçirmekde we içerki söwdanyň üsti bilen onlarça million dollar gazanmakda aýyplanýar.

Bu telekeçi ABŞ-nyň gözleg talaplary esasynda mart aýynda, Şweýsariýada tussag edildi.

Russiýa 19-njy dekabrda Şweýsariýanyň Klýuşini ekstradisiýa etmek barada gelen kararyndan gaty lapykeç bolandygyny aýtdy.

Russiýanyň oppozision habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Klýuşin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň diwanynyň başlygynyň birinji orunbasary Alekseý Gromow bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar.

M13 web sahypasy bolsa, bu guramanyň hyzmatlarynyň Russiýanyň prezident administrasiýasy we hökümeti tarapyndan ulanylýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG